ozbekleri-milli-matasy-atlas

Özbekleriñ milli matasy: Atlas

ÝUNESKO-nyñ adamzadyñ maddy däl medeni mirasynyñ sanawynda orun alýan atlas matasy, pedally stanoklarynda dokalýar.

29 Nisan 2022 19:33

Özbek atlasy, özboluşly nagyşlary bilen bütindünýäde meşhur matanyň bir görnüşidir.

Özbegistanda atlas matasy häzirki zamanamyzda hem gadymy usulda dokalýar.

Ýurduñ çar künjeginde atlas matasynyñ dokalýan kärhanalary görip bolýar. Bu kärhanalarda zenanlar atlas matasyny pedally stanoklarda dokaýarlar.

Dokma usullary bolsa ene-mamadan agtyklara geçýär.

Bu matany dokamak sabyr, ussatlyk we köp zähmet talap edýär.

Bu matanyñ dokalýan karhanalara Özbegistana gelen syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär.

Özboluşly nagyşlary we tebigy boýaglary bilen atlas matalary, Özbegistanyň esasy girdeji çeşmelerinden biridir.

Özbek atlas matasy, 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ adamzadyñ maddy däl medeni mirasynyñ sanawyna girizildi.

Habarlar