pa-tagt-ankarany-taryhy-we-sy-ahatcylyk-etraby-be-pazary

Paýtagt Ankaranyñ taryhy we syýahatçylyk etraby Beýpazary

Ankara şäheriniñ golaýynda ýerleşýän, taryhy öýleri we tebigy gözelligi bilen meşhur bolan Beýpazary etraby, Türkiýäniň dürli künjeklerinden gelen syýahatçylary garşylaýar.

16 Ağustos 2021 11:45

Syýahatçylyk boýunça ýolbelet Bülent Erdemli beren interwýusynda Beýpazary etrabynyñ gözelliklerini her pursatda halka görkezmek we köpçülige tanatmak üçin tagalla edýändiklerini, nygtap öňki ýyllar bilen deňeşdirilende Beýpazaryna gelýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli artandygyny aýtdy.

Yssy günlerde hem köp sanda syýahatçq etraby gezdirýändiklerini nygtan Erdemli:” Beýpazaryna gezmäge gelen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar bu ýerden kanagatly gidýärler. Etraba gelen myhmanlar we jahankeşdeleri mähirli we çyn ýürekden garşylaýarys. Myhmanlara milli tagamlarymyzy hödür-kerem edýäris olaryñ köñüllerini gazanmaga tagalla edýäris”-diýdi.

Erdemli: “Tokaýdaky piknik meýdançalaryna girmegiň gadagan edilmeginden soň, Beýpazaryñ merkezinde hereketlilik köpeldi. Bu ýgadaý söwdagärlerimize ykdysady goşant goşýar. Syýahatçylara etrabyň iň meşhur ýerlerini görkezmek üçin gezelenç gurnaýarys. Beýpazary hakykatdanam taryhy gurluşy, köşkleri, myhmanhanalary, hammamlary, muzeýleri we tebigy gözelligi bilen owadan şäherdir”-diýdi.

Habarlar