pakistanda-turk-binag-rligi-ozbolusly-nusgasy-fa-sal-metjidi

Pakistanda Türk binagärligiň özboluşly nusgasy: Faýsal Metjidi

Türk binagäri Wedat Dalokaý tarapyndan taslamasy çyzylan dünýädäki iň uly metjitleriň biri bolan Faýsal metjidi, Yslamabad we Pakistanyň nyşany hökmünde ünsi özüne çekýär.

18 Nisan 2021 22:13

Saud Arabystanynyň şasy Faýsalyň 1966-njy ýylda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherine guran sapary dowamynda gün tertibe gelen taslamanyň çäginde 1969-njy ýylda taslama bäsleşigi guraldy.

Bäsleşige 43 ýurtdan 17 taslama arasyndan Türk binagär Wedat Dalokaýyñ çyzan taslamasy Pakistanyñ hökümetiniñ baýragyna mynasyp boldy.

Şa Faýsalyñ  peşgeş beren 120 million dolar bilen gurluşygyna 1976-nji ýylda başlanan metjidiñ gurluşugy 1986-nji ýylda tamamlandy.

Päkistanyň nusgawy metjit arhitekturasyndan tapawutlanýan Faýsal metjidi, bir wagtda 100 000 adamyñ namaz okap bilýän möhüm ybadat ýerlerinden biri bolup tapawutlanýar.

Pakistanlylar we syýahatçylar üçin şäherde duşuşyk ýeri bolan metjidiñ töwereginde sowgatlyk zatlaryñ satylýan bir meýdan bar.

Metjide howlydan başlap aýakgapsyz içerik alynýar we namaz wagtlaryndan daşary girmäge rugsat berilmeýär.

Yslamabad şäheriniñ demirgazygynda orun alýan Margala depeleri milli seýilgähiñ eteklerinde orun alýan metjitde ýokary howpsuzlyk çareleri alynýar.

Oraza aýy bilen metjitde koronawirus ýokanç keseline garşy alynyp barylýan çäreler hem berkidildi.

Habarlar