pertek-galasy-myhmanlary-gom-gok-suwlary-bilen-garsyla-ar

Pertek galasy myhmanlary göm gök suwlary bilen garşylaýar

Pertek galasy Elazygdan Tunjelä gämi bilen syýahat edýän adamlary owadan görki bilen garşylaýar.

17 Eylül 2021 19:38

Urart döwründen gözbaş alýan Tunjeli şäherindäki Pertek galasy, görki bilen ünsi özüne çekýär.

Keban bent köli gurulmazdan ozal Murat derýasynyň kenaryndaky eññitli gaýanyň gyrasynda ýerleşýän bu gala, zamanamyzda töweregi suw bilen gurşalan ada meňzeýär. Pertek galasy "Gyz galasy" diýlip hem atlandyrylýar.

Pertek galasy 3000 ýyllyk taryhynda köp siwilizasiýanyň yzlaryny özünde jemleýär. Gala Elazyg-Tunjeli serhedinde ýerleşýär.

Gala, Pertek etrabyndan gidýän paromlar bilen 5 minutlyk ýoldan soň  baryp bolýar.

Galanyň ilkinji gezek Urart döwründe ulanylandygy bellenýär.

Pertek galasynda soñky gezek 2008-nji ýylda abatlaýyş işi edildi.

Habarlar