prem-er-ministr-pasin-an-ermenistanda-arym-prezident-sistemasyna-gecmegi-me-il

Premýer ministr Paşinýan, Ermenistanda ýarym prezident sistemasyna geçmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy

Premýer-ministr Nikol Paşinýan, parlament sistemadan ýarym prezident sistema geçmegi meýilleşdirýändiklerini nygtap bu hususda 2021-nji ýylyñ oktýabr aýynda täze konstitusiýanyñ kabul edilmegi we konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek tapgyry başladylmaly" -diýdi.

01 Mart 2021 21:37

Premýer-ministr Paşinýan öz tarapdarlary bilen Ýerewanyň Respublika meýdanynda, hökümetiň wezipeden çekilmegini talap edýän oppozisiýa toparlary bolsa Marşal Bagramýan köçesinde ýygnandy.

Paýtagt Ýerewanda Paşinýan we oppozisiýa toparlaryñ deñ sagatda geçiren ýörişe müñlerçe adam gatnaşdy.

Paşinýan ýörişde eden çykyşynda: “ Parlament sistemadan ýarym prezident sistema geçmegi meýilleşdirýändiklerini nygtap bu hususda 2021-nji ýylyñ oktýabr aýynda täze konstitusiýanyñ kabul edilmegi we konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek tapgyry başladylmaly. Ýarym prezident sistemasyna geçiş ssenariýasy hem mümkindir." -diýdi.

Bu hususda referendum geçirmegi meýilleşdirýändiklerini nygtan Paşinýan: "Täze sistema Ermenistanda durnuklylygy kepillendirer we geljekde döräp biljek syýasy krizisleriň öňüni alar” - diýdi.

Paşinýan, Ermenistanyñ baş ştabynyñ başlygy Onik Gasparýan we ýokary derejeli serkerdeleriñ özüniñ wezipesinden çekilmegi üçin  talap edilen beýannamanyñ üstünde hem durup geçdi: “ Baş ştabyñ başlygy bu beýannamany bermek bilen kanunlary basgalady we özi wezipeden çekilmeli.Bu gutulgysyzdyr"-diýdi.

Prezident Armen Sarkisýanyň Baş ştabyň başlygynyñ wezipeden çetleşdirilmegi boýunça karara gol çekmegini tama edýändigini nygtan Paşinýan, möhledinden ozal parlament saýlawlaryna gitmäge taýýar bolandyklaryny mälim etdi.

Ermenistanyñ Prezident köşkü tarapyndan mesele boýunça berilen beýannamada: prezident Sarkisýanyñ premýer-ministr Paşinýan bilen duşuşandygy bellendi. Duşuşykda ýurtda baş berýän syýasy krizis ara alyndy.

Habarlar