prezident-ali-ew-ykdysady-hyzmatdaslyk-guramasyny-agza-urtlaryny-zengezur-kor

Prezident Aliýew, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny Zengezur koridoryndan peýdalanmaga çagyrdy

Azerbaýjanyñ Prezidenti Ilham Aliýew Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitinde eden çykyşynda; Azerbaýjan, Nahçywan Awtonom Respublikasy we Türkiýäni birleşdirjek Zengezur koridoryndan agza ýurtlary peýdalanmaga çagyrdy.

04 Mart 2021 23:35

2021-nji ýylyň 4-nji martynda Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy.

“Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň we Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar we çykyş etdiler. 

Öz çykyşynyň dowamynda Azerbaýjanyñ Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyñ diñe uruş dowamynda däl eýsem prezidentligi döwründe Azerbaýjana dowamly goldaw berýändigini belläp geçip, bu goldawyñ Azerbaýjanyñ Ermenistanyñ basyp alyşlygy astyndaky topraklaryny azat etmeginde uly orna eýe bolandygyny aýtdy.

Prezident Aliýew, “  Türkiýe bizin doganymyzdyr. Türkiýe biziñ uly strategik şärigimizdir. Azerbaýjan halky Türkiýe ýaly şärigi bolandygy üçin örän bagtly. Türkiýe sebitde howpsuzlyk we durnuklulugyñ üpjün edilmeginde uly rol oýnaýar. Türkiýäniñ güýçli bolmagy Azerbaýjanyñ we beýleki şärik ýurtlaryñ güýçli bolmagy diýmekdir.”-diýdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwürleýin başlyklygy üçin Türkiýä sagbolsun aýdan Prezident Aliýew 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini belläp Türkmenistana uly üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Aliýew, Daglyk Garabagdaky topraklarynyñ azat edilmegi üçin 2020-nji ýylyñ 27-nji sentýabrda başladylan we 10-njy noýabra çenli dowam eden harby operasiýa döwründe Türkiýäniñ başda durmagynda goldaw beren Pakistan we Owganystana minnetdarlygyny ýetirip Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniñ basyp alyşlyk döwründe eden weýrançylyklaryny gürrüñ berdi.

Prezident Ilham Aliýew: “ Azerbaýjanyñ taryhy topragy bolan Zengezurdan geşjek Azerbaýjan, Nahçywan Awtonom Respublikasy we Türkiýäni birleşdirjek koridor sebitde ulag gatnawynda täze mümkünçilikler döreder.  Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny Zengezur koridoryndan peýdalanmaga çagyrýarys”- diýdi.

Habarlar