prezident-aparow-yhg-ny-xv-sammitinde-cykys-etdi

Prezident Žaparow, YHG-nyñ XV sammıtınde çykyş etdı

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşdy.

28 Kasım 2021 16:00

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow sammitde eden çykyşynda ýokary derejedäki sammiti gurnandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Žaparow, Ykdydasy Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ düzüminde özgertmeleriň zerurdygyna, dünýä meselesine öwrülen howanyň üýtgemegine garşy göreş çäginde Gyrgyzystanyň 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazyñ howa zyñylmagynyñ azaldylmagyna we koronawirus epidemiýasyndan soň "ýaşyl ykdysadyýeti" dikeltmäge gönükdirilen tagallalara goşant goşjakdygyny belledi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüş meseleleri, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşylar.

Habarlar