prezident-erdogan-ertir-resmi-sapar-bilen-turkmenistana-gid-r

Prezident Erdogan ertir resmi sapar bilen Türkmenistana gidýӓr

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 2 günlik resmi sapar bilen ertir Türkmenistana gidýӓr. Prezident Erdogan saparynyñ çӓginde YHG-nyň 15-nji Sammitine gatnaşar.

26 Kasım 2021 19:08

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan  resmi saparynyñ çӓginde Türkmeniistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar we YHG-nyň  15-nji Sammitine gatnaşar. Sammitiñ çӓginde prezident Erdogan sammite gatnaşan liderler bilen özara gepleşikler geçirer.

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt Aşgabatda resmi dabara bilen Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogany garşylar. Resmi garşylama dabaradan soñ liderler ilki ikiçӓk soñra toparara gepleşikler geçirerler. Iki ýurduñ arasynda energetika, syýahatçylyk we söwda ugurlarynyñ başda durmagynda köp ugurlarda özara ylalaşyklara gol çekiler.

Prezident Erdogan saparynyñ 2-nji gününde YHG-nyň  15-nji Sammitine gatnaşar. Türkiýӓniñ gurujy agzasy bolan guramanyñ 15-nji Sammitinde agza ýurtlar arasyndaky söwda gatnaşyklary ara alynar.

Habarlar