prezident-erdogan-russi-any-ukraina-basladan-harby-operasi-asyny-kabul-edemzo

Prezident Erdogan: Russiýanyñ Ukraina başladan harby operasiýasyny kabul edemzok

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan: Ukrainada ýaşaýan hemmeleriñ howpsuzlygyny üpjün etmek üçin öz jogapkärçiligimizi ýerine ýetireris. Russiýanyñ Ukraina başladan harby operasiýany kabul edemzok" -diýdi.

24 Şubat 2022 15:45

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Prezident Kompleksinde Halkara Demokratlar Bileleşigiñ wekiliýetine ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan: “Raýatlarymyz we tatar doganlarymyzyñ başda durmagynda Ukrainada ýaşaýan hemmeleriñ jan howpsuzlygynyñ üpjün edilmegi üçin üstümüze düşen jogapkärçiligi ýerine ýetireris. Russiýanyñ Ukraina başladan harby operasiýany kabul edemzok Halkara hukugy basgalaýan bu gadam sebitiñ parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylygyna urlan zarbadyr”-diýdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniñ Ukrainanyñ toprak bitewiligini goramak üçin berýän göreşine goldaw berýändigini Ukrain kärdeşi Zelenskiý bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýdandygyny nygtap çuñ taryhy we dostlukly  gatnaşyklarymyz bolan Russiýa we Ukrainanyñ arasyndaky meseleleriñ Minsk ylalaşyklary çäginde gepleşik ýoly bilen çözülmegi üçin çagyryş berdi.

Habarlar