prezident-erdogan-turki-dowletleri-liderleri-bilen-telefon-arkaly-sohbetdeslik

Prezident Erdogan Türki döwletleriñ liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Türki döwletleriñ Guramasynyñ döwürleýin başlygy Gazagystanda baş berýän wakalar barasynda guramanyñ agza ýurtlarynyñ döwlet ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

07 Ocak 2022 10:59

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýannamada Prezident Rejep Taýyp Erdogan, Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow we Özbegistan Respublikasynyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip Gazagystanda baş berýän wakalar barasynda pikir alyş-çalşygy etdi.

Prezident Erdogan Gazagystanyñ prezidenti Tokaýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde dost we doganlyk Gazagystanda baş berýän wakalary üns merkezlerinde saklamaga dowam edýändiklerini belläp  wakada ýogalan adamlar üçin gynanç bildirildi, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklary diledi.  Türkiýäniñ Gazagystan bilen raýdaşlykda bolandygyny nygtan prezident Erdogan Türki döwletletleriñ guramasynyñ Gazagystana berýän goldawyna ünsi çekdi.

Gazagystanda täze hökümetiñ iñ ýakyn wagtda döredilmegini we parahatçylykly ýagdaýda dartgynlygyň ortadan aýrylmagy, düzgüniň we durnuklylygyň ýaňadandan ýola goýulmagyny arzuw eden Prezident Rejep Taýyp Erdogan Gazagystan  halkynyñ özara ynam we gepleşikler çäginde meselelere döz geljegine ynanýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan zerur bolan ýagdaýda Türkiýäniñ  ähli tehniki bilim we tejribelerini paýlaşmaga taýýar bolandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow we Özbegistan Respublikasynyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Gazagystanyň durnuklylyk we howpsuzlygynyň tutuş sebit üçin, esasanam goňşulary üçin möhümdigini belläp doganlyk Gazagystanyň bu meseläni gepleşik arkaly çözjegine ynanýandygyny aytdy.

Habarlar