prezident-erdogan-turkmenistan-bilen-sowda-mukdarymyzy-5-milliard-dollara-etir

Prezident Erdogan: Türkmenistan bilen söwda mukdarymyzy 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris

Paýtagt Aşgabatda Oguzhan köşgünde geçirlen resmi garşylama dabarasyndan soň prezident Berdimuhamedow bilen Erdogan özara duşuşyk geçirdi. Toparara gepleşiklerden soň iki lider şertnamalar bukjasyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.

28 Kasım 2021 12:06

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan   şertnamalar bukjasyna gol çekişlik dabarasyndan soñ bilelikde metbugata beyanat berdiler.

Prezident Erdogan beýannamasynda “Ata ýurdumyz Türkmenistana gelmekden bagtyýar. Pursatdan peýdalanyp Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Doganlyk gatnaşyklarymyzyň çäginde Türkmenistanyň üstünlikli dowam etdirýän garaşsyzlyk statusyna goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan, “Şu gün baglaşylan şertnamalar bilen birlikde doganlyk ýurt Türkmenistan bilen edýän gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendirdik. Söwda mukdarymyzy 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris. Gepleşiklerde energetika, gury ýer we howa transporty ýaly  ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy gowulandyrmak üçin näme edip biljekdigimiz barasynda pikir alyşdyk. Taryhy we medeni hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiki hyzmatdaşlygymyzyň çäginde bilim, medeniýet, ýaşlyk we sport ýaly ugurlarda gatnaşyklarymyza täze itergi bereris”-diýdi.

Metbugat ýygnagyndan soñ Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow,Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana yardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglaglady.

Türkiýäniň Prezidenti hem Türkmenistanyň ň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bilen sylaglanandygyny üçin hoşallygyny bildirdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana guraýan saparynyň ikinji günde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XV liderler sammitine gatnaşar.

Habarlar