prezident-erdogan-yhg-ny-xv-liderler-sammitine-gatnasar

Prezident Erdogan YHG-nyñ XV lıderler sammitine gatnaşar

Türkiýe Respublikasynyñ Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana guraýan saparynyň 2-nji gününde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XV liderler sammitine gatnaşar.

28 Kasım 2021 11:54

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy.   

Ýokary derejeli myhmany Aşgabat şäheriniň Oguzhan köşkünde resmi garşy almak dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyñ Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan we Türkiýäniñ arasynda saglygy goraýyş, söwda, oba hojalygy we habar beriş serişdeleri babatynda 8 şertnama we hyzmatdaşlyk ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen Türkmenistanyñ halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana netijeli ýardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglady.

Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana guraýan saparynyň 2-nji gününde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XV liderler sammitine gatnaşar.

Sammitiñ çäginde agza-ýurtlarda maýa goýum hereketleriniň işjeňleşdirilmegi, erkin söwda-ykdysady zolaklarynyň, täze ykdysady geçelgeleriň döredilmegi, durnukly energetika, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, koronawirus epidemiýa garşy göreş ýaly ençeme uğurlar boýunça hyzmatdaşlygy işijeñleşdirmek ara alynar.

Habarlar