prezident-erdogan-yhg-ny-xv-sammitinde-cykys-etdi

Prezıdent Erdogan YHG-nyñ XV sammıtınde çykyş etdı

Aşgabat şäherinde dowam edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde bu guramanyň 14-nji sammitiniň ýolbaşçysy hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan çykyş etdi.

28 Kasım 2021 13:30

Türkiýe Respublikasynyñ Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz çykyşynda ýokary derejedäki sammiti gurnandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentlerini Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlan Erdogan YHG-niň çäklerinde guramaga gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 100 milliard dollara ýetirilmeginiň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Guramanyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagynyň möhümdigini bellän prezident Erdogan umuman, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň güýçlendirmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Prezident Erdogan öz çykyşynda Owganystan meselesine hem durup geçdi. Ol bu babatda uly kynçylyklayr başdan geçirýän Owganystana ynsanperwer kömegini bermegiň zerurdygyny belläp, bu ýurtda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, Erdogan Owganystandan daşary ýurtlara bosgunlaryň gitmeginiň öňüni almak maksady bilen degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Prezident Erdogan Türkiýe Respublikasy tarapyndan işlenip düzülen koronawirus ýokanjyna garşy sanjymda soňky tapgyra gelnendigini belledi. Umuman, koronawirus ýokanjy döwründe dünýäniň ençeme ýurduna ynsanperwer kömekleriniň ugradandyklaryny bellän Erdogan bu barada hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrymagynyň möhümdigini belledi.

Prezident Erdogan terrora garşy göreşde sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

“Sebitimiz PKK, ÝPG, FETÖ we DAEŞ ýaly terror guramalaryndan saplanandan soň asudalyk üpjün ediler we ykdysady galkynyşyň depgini güýçlener” diýen Prezident Erdogan, Kipr meselesinde dünýä ýurtlaryna çagyryş berdi.

“Kipr meselesi, Kipr türk halkynyň özygtyýarlygyna we deň hukukly statusa laýyklykda çözülmeli” diýen Erdogan, dost we doganlyk ýurtlaryň DKTR-na goldaw bermelidigini belledi.

Prezident Erdogan, Azerbaýjanyñ sebitde durnuklulygy üpjün etmek üçin atýan gadamlarynda Türkiýe hökmünde goldaw bermäge dowam ediljekdigini aýtdy.

Habarlar