prezident-erdogany-yhg-ny-xv-sammitinde-eden-cykysy

Prezıdent Erdoganyñ YHG-nyñ XV sammıtınde eden çykyşy

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdogan,dost we doganlyk ýurtlaryň DKTR-na goldaw bermelidigini belledi.

28 Kasım 2021 15:28

Aşgabat şäherinde dowam edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde bu guramanyň 14-nji sammitiniň ýolbaşçysy hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan çykyş etdi.

Türkiýe Respublikasynyñ Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz çykyşynda ýokary derejedäki sammiti gurnandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentlerini Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlan Erdogan YHG-niň çäklerinde guramaga gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 100 milliard dollara ýetirilmeginiň möhüm bolup durýandygyny belledi. Bu nukdaýnazardan, ilki bilen 2025-nji ýylyñ strategiki maksatlarynyň biri bolan ECOTA söwda şertnamasyny güýje girizmelidigini aýratyn belledi.

Guramanyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagynyň möhümdigini bellän prezident Erdogan umuman, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň güýçlendirmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Prezident Erdogan: “Ulag infrastrukturasyny ösdürmek we sebitimizdäki häzirki zaman ýüpek ýoluny janlandyrmak boýunça edýän tagallalarymyz yzygiderli dowam edýär. Türkiýäniň ýolbaşçylygyndaky Hazar deñzinden geçýän Gündogar-Günbatar Merkezi Koridor Başlangyjy we Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly bu ugurda edýän tagallalarymyzyň iň anyk beýanydyr. ýurdumyz bilen sebitimiziň arasynda göni ýol baglanyşygyny gurjak Zangezur koridorynyň ähmiýeti äşgärdir. Edil şonuň ýaly-da, Aziýa bilen ýewropany birleşdirýän Marmaraý, Ýawuz Soltan Selim köprüsi, ýewraziýa turba geçelgesi, Stambul howa menzili, Marmara şaýoly, Stambul-Izmir şaýoly durmuşa geçirilen taslamalarymyzdan. Gündogar-günbatar arabaglanyşygyna goşant goşjak Filýos Porty, 1915 Çanakkale köprüsi we Çandarly portunyň taslamalarynyň üstünde işlemegi dowam etdirýäris. Şeýle hem, Yslamabat-Tähran-Stambul awtoulag ýoluny işe girizmek we şol bir ugurda demirýol liniýasyny janlandyrmak baradaky tagallalary makullaýarys. "-diýdi.

Prezident Erdogan öz çykyşynda Owganystan meselesine hem durup geçdi. Ol bu babatda uly kynçylyklayr başdan geçirýän Owganystana ynsanperwer kömegini bermegiň zerurdygyny belläp, bu ýurtda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin tagallalaryň edilmelidigini belledi. Mundan başga-da, Erdogan Owganystandan daşary ýurtlara bosgunlaryň gitmeginiň öňüni almak maksady bilen degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Prezident Erdogan Türkiýe Respublikasy tarapyndan işlenip düzülen koronawirus ýokanjyna garşy sanjymda soňky tapgyra gelnendigini belledi. Umuman, koronawirus ýokanjy döwründe dünýäniň ençeme ýurduna ynsanperwer kömekleriniň ugradandyklaryny bellän Erdogan bu barada hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrymagynyň möhümdigini belledi.

Prezident Erdogan terrora garşy göreşde sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

“Sebitimiz PKK, ÝPG, FETÖ we DAEŞ ýaly terror guramalaryndan saplanandan soň asudalyk üpjün ediler we ykdysady galkynyşyň depgini güýçlener” diýen Prezident Erdogan, Kipr meselesinde dünýä ýurtlaryna çagyryş berdi.

“Kipr meselesi, Kipr türk halkynyň özygtyýarlygyna we deň hukukly statusa laýyklykda çözülmeli” diýen Erdogan, dost we doganlyk ýurtlaryň DKTR-na goldaw bermelidigini belledi.

Prezident Erdogan, Azerbaýjanyñ sebitde durnuklulygy üpjün etmek üçin atýan gadamlarynda Türkiýe hökmünde goldaw bermäge dowam ediljekdigini aýtdy.

Habarlar