prezident-zelenski-ewropa-parlamentyna-uzlenip-cykys-etdi

Prezident Zelenskiý Ýewropa Parlamentyna ýüzlenip çykyş etdi

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyñ Ukraina guraýan hüjümleri barasynda Ýewropa Parlamentyna ýüzlenip çykyş etdi.

01 Mart 2022 16:18

ÝP, Russiýanyñ Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Brýusselde nobatdan daşary mejlis geçirdi. Mejlise Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşyp Russiýanyñ Ukraina garşy guraýan hüjümleri barasynda maglumat berdi we  watanlaryny goramaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Zelenskiý: “Şu gün siziň hemmäňiz we Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen bilelikde bolanyma örän şat" -diýip ýurdunyň birnäçe günden bäri Russiýanyñ hüjümleri astynda bolandygyny belledi.

Russýanyñ hüjümlerine garşy durýandyklaryny we watanlaryny bar güýçleri bilen goramaga dowam edýändiklerini mälim eden prezident Wladimir Zelenskiý, ýeňiş gazanjakdyklaryna ynanýandyklaryny aýtdy.

Prezident Zelenskiý, Harkowa şugün iki raketaly hüjüm guralandygyny nygtap şäherdäki Azatlyk Meýdanynyñ ýewropanyñ iñ uly meýdany bolandygyny we şugün azatlyklaryñ hüjüme sezewar galýandygyny aýtdy.

Düýn guralan hüjümde 16 çaganyñ ýogalandygyny bellän Zelenskiý, Rus resmileriñ harby nyşanalary alýandyklary sözlerine: “Biz çagalarymyzy janly görmek isleýäris. Haýsy çaga harby desgada işläp biler”-diýip garşylyk görkezdi.

Prezident Wladimir Zelenskiý: “ Ýewropanyñ deñ hukukly agzasy bolmak isleýäris. ÝB biziñ bilen has güýçli bolar. Siz bolmasañyz Ukraina ýalñyz galar. Güýjümizi subut etdik. Sizem biziñ bilen bolandygyñyzy subut ediñ. Bizi ýalñyz goýmajakdygyñyzy subut ediñ”-diýdi.

Ýewropa parlamentyñ başlygy Roberta Metsola mejlisde eden çykyşynda parlamentyñ Russiýanyñ Ukraina guraýan hüjümlerini berk ýazgarýandygyny aýtdy.

Roberta Metsola, Ukrainanyñ ÝB maksatnamasyny goldaýandyklaryny we Ukrainanyñ ÝB-e agzalyk arzasynyñ üstünde işlejekdiklerini aýtdy.

Habarlar