prezident-zelenski-russi-a-bilen-gecirilen-geplesiklerde-isl-n-netij-mizi-alma

Prezident Zelenskiý: Russiýa bilen geçirilen gepleşiklerde islän netijämizi almadyk

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa bilen geçirilen gepleşiklerden heniz Ukrainanyñ isleýän netijesiniñ çykmadygyny aýtdy.

01 Mart 2022 12:30

Ukrainanyñ prezidenti Zelenskiý halka ýüzlenip eden çykyşynda Russiýanyñ harby güýçleriniñ Harkow şäherine raketaly hüjüm guramaga dowam edýändigini nygtap:” Bu aç-açan bir söweş jenaýatydyr. Harkow şäheri  asuda ilatyñ ýaşaýan, harby bazanyñ bolmaýan asuda şäher. Orslar nirä od açýandygyny bilýär. Bu ähli halkara konwenziýalary basgalaýar. Bu jenaýat üçin hökmany halkara kazyýet işi gozgalanar”-diýdi.

Raketaly hüjümleriñ dessine bes edilmelidigini bellän Prezident Zelenskiý, Russiýanyñ ähli konwensiýalary basgalandygyny we bu ýagdaýy hiç kimiñ  bagyşlamajakdygyny aýtdy.

Prezident Zelenskiý, Russiýanyñ Ukraina garşy 5 güniñ dowamynda 56 gezek raketaly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Prezident Zelenskiý Russiýa garşy berk sanksiýalaryñ goýulmagy üçin çagyryş berdi

Asuda ilata garşy hüjüm guraýan bir döwletiñ BMG-nyñ agzasy bolup bilmejekdigini nygtan Zelenskiý: Rus raketalary, uçarlary we dikuçarlaryna dünýäniñ ähli port, kanal we howamenzilleriñ ýapylmagy üçin çagyryş berip Russiýanyñ energetika çeşmeleriniñ eksportyndan ýüz milliarlarça dolar gazanmaly däldigini aýtdy.

Gepleşiklerden islenýän netije alynmady

Prezident Wladimir Zelenskiý, Rus sabotaž güýçleriniñ Kiýewiñ elektrik toguny kesmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Russiýanyñ wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikler barasynda Prezident Zelenskiý heniz biziñ isleýän netijämiz çykmady. Russiýa özüniñ talaplaryny biz hem söweşi bitirmek üçin öz talaplarymyzy mälim etdik. Wekiliýetimiz gaýdyp geleninde analiz ederler we 2-nji tapgyr gepleşikleriñ nähili geşjegine karar bererler”-diýdi.

Prezident Zelenskiý, Ukrainanyñ ÝB-e agzalyk üçin  resmi taýdan ýüz tutandygyny habar berdi.

Habarlar