prezident-zelenski-ukrainany-gyssagly-b-ni-agzasy-bolmagy-ucin-cagyrys-berd

Prezident Zelenskiý, Ukrainanyñ gyssagly ÝB-niñ agzasy bolmagy üçin çagyryş berdi

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ýewropa Bileleşigine, täze ýörite prosedura laýyklykda Ukrainanyň gyssagly goşulmagy üçin çagyryş berdi.

28 Şubat 2022 14:11

Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý halka ýüzlenip eden çykyşynda ýewropaly döwletlere Ukraina berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip ýewropalylar ýaly deñ şertlerde bolmak isleýändiklerini aýtdy.

Prezident Zelenskiý, ýurdunyñ ÝB-e agza bolmaga mynasypdygyny we munuň mümkin boljagyna ynanýandygyny belläp, " Ýewropa Bileleşigine täze ýörite proseduranyň çäginde Ukrainanyň gyssagly goşulmagyna çagyryş berýäris" -diýdi.

Prezident Zelenskiý, Ukrainalylaryñ hemmesiniñ bir söweşçi bolandygyny we ýeňiş gazanjakdyklaryna ynanýandygyny aýtdy.

Prezident Zelenskiý, rus esgerlerine  hem ýüzlenip: "Gidiň we janyňyzy halas ediň. Serkerdeleriňize, propoganda edýänlere ynanmaň. Diňe janyňyzy halas ediň" diýip belledi. 

Habarlar