repetek-dowlet-biosfera-goraghanasy

Repetek Döwlet Biosfera Goraghanasy

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylda Gündogar Garagumuň ajaýyp garaojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi.

05 Mart 2022 15:48

Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn özboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly üns berilýär.

Repetek goraghanasy Gündogar Garagumuň merkezi böleginde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 70 kilometr günortada, Amyderýa bilen Garagum derýalarynyň aralygynda, Repetek demir ýol stansiýasynyň ýanynda ýerleşýär. Goraghananyň meýdany 34 600 gektara deňdir.

Goraghana döredilmezden ozal bu ýerde Repetek çäge-çöl stansiýasy işleýärdi. Onuň düýbi 1912-nji ýylda belli geograf we syýahatçy P. P. Semýonow-Týan-Şanskiniň işjeň gatnaşmagynda tutulypdy. Merkezi Aziýanyň çöllerini öwrenmek ylmynyň düýbüni tutujy W.A.Dubýanskiý ylmy stansiýanyň açylmagyna ýakyndan kömek eden guramaçydyr we onuň ilkinji direktorydyr.

Ylmy stansiýa goraghana bilen bilelikde 1998-nji ýyla çenli işledi. Stansiýa ýapylandan soň goraghana Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan Tebigaty goramak ministrligine degişli edildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hasabynda goraghana jemi 1941-nji ýyldan, şol sanda 1962-nji ýyldan dünýä belli Çöller institutynyň (häzirki wagtda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty) bölümleriniň hasabynda boldy.

1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. Bu goralýan ýeriň serti, dünýä ekologiýa ulgamlarynyň esasy tipi bolup durýar. Şonuň üçin ol nesilleriň bähbidi üçin tebigaty gorap saklamak we ylmy gözlegleri geçirmek üçin gerekdir.

Soňky maglumatlara görä, Repetek goraghanasynda oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi we kiçi görnüşi hasaba alyndy. Repetegiň mör-möjekleriniň 7 görnüşi 1999-njy ýylda çapdan çykan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara buýnuzganat empuziýa, hinçi murtlak çekirtge, Pawlowskiniň murtlak çekirtgesi, Uwarowyň çölçüsi, Sumakowyň çekirtgesi, wužžyldawuk antia tomzagy we türkmen burunlak tomzagy degişli.

Oňurgaly haýwanlaryň arasynda ýerde-suwda ýaşaýanlarynyň 1 görnüşi, süýrenjileriň 22 görnüşi bar, olaryň 2 görnüşi-zemzen we kepjebaş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Kepjebaş Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna hem girizilendir.

Repetek goraghanasynyň guşlarynyň 202 görnüşinden 13 görnüşi (oturymly, höwürtgeleýän, gyşlaýan, uçup geçýän, göçüp-gidip ýören guşlardan) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara bürgüt we çöl serçesi, ýylançy gyrgy, gajar we togdary, gyzgyl gotan, buýraly gotan, adaty syçançy, garaguş, ütelgi,sähra güwenegi, gyzylguş beziltigi, hüwi degişlidir. Gajar, buýraly gotan, garaguş we sähra güwenegi TGHB-niň Gyzyl kitabyna girizildi. Goraghananyň süýdemdirijiler faunasy 29 görnüşi öz içine alýar we olardan 3 görnüşi—garagulak, keýik we oklykirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Goraghanada kömelekleriň 197 görnüşi we kiçi görnüşi, toprak suwotularynyň 68 görnüşi, epifit lişaýnikleriň 4 görnüşi, baldagy ýaprakly mohlaryň 4 görnüşi, açyk tohumlylardan gnetopsidleriň 1 görnüşi we gülli ösümlikleriň hem 120 görnüşi bellidir.

Repetek çäge-çöl ylmy stansiýasynda we Repetek goraghanasynda uly ylmy-barlag işleri geçirildi. Ylmy barlaglaryň esasy netijeleri çap edilen 1000-den gowrak ylmy makalalarda, işlerde, ýygyndylarda we monografiýalarda öz beýanyny tapdy.

Repetek goraghanasynda Gündogar Garagumuň ajaýyp garaojar tokaýlary, sebitiň biologik dürlüliginiň esasy merkezi kanagatlanarly ýagdaýda goralyp saklanylýar.

Seýrek guşlaryň birnäçe görnüşi üçin goraghananyň ýerleri wagtlaýynça düşelge bolup hyzmat edýär. Repetek goraghanasynda seýrek mör-möjekleriň hem uly topary ýaşaýar. Bu ýer türkmen burunlak tomzagynyň ýeke-täk ýaşaýan ýeridir. Şeýlelikde, Repetek türkmen topragynda dünýä gözelliginiň bir ülüşi bolup saklanyp galypdyr.

Habarlar