rim-dowrunden-miras-galan-makedoni-a-di-i-edirne-taryhyny-gurru-ber-n-medeni

Rim döwründen miras galan Makedoniýa diňi, Edirne taryhyny gürrüñ berýän medeni sebiti bolar

Rim, Wizantiýa we Osman siwilizasiýalaryna şaýat bolan bu diň, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan "Edirne gadymy sagat diňini dikeltmek taslamasynyň" çäginde dikeldiler.

24 Aralık 2021 18:55

Trakýa uniwersitetiñ Edebiýat fakulteti sungat taryhy bölüminiñ başlygy Prof. Dr. Engin Beksaç, Makedoniýa diňiniň şäherdäki iň möhüm taryhy we syýahatçylyk ýerlerinden biridigini aýtdy. Makedoniýa diñi, Edirne welaýatynda gadymy döwürlerden miras galan seýrek eserlerden biri bolandygyna ünsi çeken Engin Beksaç:” diñiñ edil ýanyndaky diwarlar Rim imperatory Hadrianusyñ şäheri guran döwründen galdy. Bu diñ Edirne diwarlaryny berkitmekwe daş töweregi synlamak üçin guruldy.”-diýdi.

“Edirne gadymy sagat diňini dikeltmek taslamasynyň" durmuşa geçirilmegi Edirne welaýatynyñ hem medeniýetine hem-de syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşar.  Bu ýer Edirnäniñ ruhunyñ ýatan ýeri, Edirnäniñ kalby. Bu taryhy gurluşyklaryñ goralyp saklanmagy we geljek nesillere miras galdyrylmagy  Edirnäniñ taryhy taýdan iññän möhimdir. Bu ýer ýewropanyñ taryhyna hem yşyk çaýar.

Makedoniýa diñi

Rim hökümdary Hadrianus tarapyndan gurlan we köne Edirnäniň töweregindäki diwarlaryñ üstüne orun alýan dinlerden zamanamyza yetip gelen ýeke-täk nusgasy bolan Makedoniýa diňi  Edirne şäher häkimi Hajy Izzet Paşanyñ  üstüne goýduran sagatlardan soñ  "sagat diňi" diýlip atlandyrylyp başlandy.

1953-nji ýýldaky ýer titremesnde uly zeper gören diñiñ üstüne ýasalan sagat bölümi şäheriñ görküni zaýalandygy sebäpli taýarlanan  hasabatyň netijesinde dinamit bilen ýykyldy.

Habarlar