rus-alymlary-gus-gribini-ilkinji-gezek-adama-olug-an-gornusini-uze-cykardylar

Rus alymlary guş gribiniň ilkinji gezek adama ýolugýan görnüşini ýüze çykardylar

Russiýanyň Adam saglygy we Adam hukuklaryny goramak gullugynyň başlygy Anna Popowa ýurtda ilkinji gezek adamlara "A (H5N8)" gribiniň ilkinji gezek adama ýolugýan görnüşiniň anyklandygyny habar berdi.

28 Şubat 2021 11:31

Anna Popowa paýtagt Moskwada geçirilen brifingde guş gribi barasynda maglumat berdi. Popowa, "A (H5N8)" guş gribiniň ilkinji gezek Russiýada adamlarda ýüze çykandygyny nygtap  " Wektor Barlag Merkeziniň alymlary tarapyndan edilen barlaglarda ýurduň günortasynda orun alýan guş fermasynyň 7 işgärinde guş gribi  ýüze çykaryldy. Bu fermada, guş gribi  epidemiýasy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda ýüze çykypdy. Bu dünýäde ilkinji gezek ýüze çykarylan waka” diýdi.

Guş gribine ýoluganlaryň özlerini gowy duýýandyklaryny habar beren Popowa, wirusyň adamdan adama geçmeýändigini nygtap bu mesele bu mesele boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna habar berendiklerini aýtdy.

Wektor Barlag Merkeziniň baş müdiri Rinat Maksýutow hem adamlarda guş gribini  anyklaýan enjamy we wirusa garşy sanjymy döredip biljekdiklerini aýtdy.

Habarlar