rus-sy-ahatcylar-dync-almak-ucin-turki-ni-sa-la-ar

Rus syýahatçylar dynç almak üçin Türkiýäni saýlaýar

Rus syýahatçylar, koronawirusa garşy goýulan çäklendirmeleriñ gowşadylmagy bilen Türkiýä gelmäge başladylar.

04 Mart 2021 22:40

Russiýanyň Syýahatçylyk Operatorlary Assosiasiýasy (ATOR) tarapyndan berilen beýannamada Türkiýäniň turistiki welaýatlarynda kafe we ​​restoranyñ açylandygy we goýulan çäklendirmeleriň tapgyrlaýyn gowşadylandygy aýdylýar.

Çäklendirmeleriñ gowşadylmagynyñ Rus syýahatçylaryñ dynç almak üçin Türkiýäni saýlamalaryna itergi berendigi nygtalan beýannamada syýahatçylyk pudagynyñ resmileri çäklendirmeleriñ bölekleýin hem bolsa ýatyrylmagynyñ satuw syýahatyna oňyn täsir edendigini belleýärler.

Habarlar