russi-a-garsy-gozgalanan-genosid-kazy-et-isini-ilkinji-di-lenisigi-7-8-nji-m

Russiýa garşy gozgalanan "genosid" kazyýet işiniñ ilkinji diñlenişigi 7-8-nji mart aralygynda geçiriler

Halkara Kazyýet, Ukrainanyň Russiýa garşy genosid konwensiýasyny bozandygy sebäpli gozgalan kazyýet işiniň ilkinji diňlenişiginiň 2022-nji ýýlyñ 7-8-nji mart aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi.

02 Mart 2022 10:20

Halkara Kazyýet tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, 1948-nji ýyldaky BMG Genosidiñ Öñüni Almak we Jezalandyrmak baradaky konwensiýany basgalandygy sebäpli Ukrainanyñ Russiýa garşy gozgalan kazyýet işiniñ dinleniş senesi yglan edildi.

Beýannamada, 7-nji Martda Ukrainanyñ, 8-nji Martda bolsa Russiýanyñ diñlenişiginiñ geçiriljekdigi we diñlenşigiñ gibrid görnüşde geçiriljekdigi bellendi.

Russiýa duýduryş

Halkara Kazyýet, Russiýa yglan edilip bilinjek kararlaryň güýjüni ýitirjek hereketlerden saklanmalydygyny duýdurdy.

Ukraina genosid konwensiýasyny bozandygy sebäpli 2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda Russiýa garşy Halkara Kazyýetine ýüz tutdy.

Ukraina Russiýanyň "Donesk we Lugansk sebitlerinde gyrgynçylyk edendigini" öňe sürdi we Russiýanyň ukrainalylary genosid niýeti bilen öldürendigini öňe sürdi.

Habarlar