russi-a-ha-sy-sanksi-alar-go-ular

Russiýa haýsy sanksiýalar goýular?

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Angliýa, Kanada we Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň özygtyýarlylygyny basgalaýan Russiýa garşy sanksiýalaryñ göwrümini giñeltmek karary kabul etdi.

26 Şubat 2022 10:51

Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ prezidenti Joe Baýdyn: “Bu söweşi Putin saýlady we munuñ netijesini özi we ýurdy çeker. Russiýa garşy sanksiýa sanawynyñ göwrümini giñelttik we eksport çäklendirmesi goýular”-diýdi.

Prezident Baýdyn, aralarynda ýurduñ iñ uly 2-nji banky bolan VTB-niñ bolan 4 sany Rus bankyñ sanksiýa sanawyna girizilendigini  we bu banklaryñ 1 trillion dolar gymmatyndaky emlaklarynyñ saklanandygyny habar berdi.

ABŞ-nyñ Gazna ministrligi, Prezident Wladimir Putin, Sergeý Lawrow we Russiýanyn Howpsuzlyk Geñeşiniñ 11 agzasyny sanksiýa sanawyna girizdi.

ABŞ-nyň Söwda ministrligi, Russiýanyň goranmak, awiasiýa we deňiz pudaklaryna gönükdirilen käbir eksport çäklendirmeleriniň girizilendigini habar berdi.

Prezident Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow sanksiýa sanawyna girizildi

ÝB, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň sanksiýa sanawyna alynandygyny habar berdi.

Russiýanyň, Ukrainanyň gündogaryndaky seperatist dolanşygyň garaşsyzlygyny ykrar edendigi sebäpli rus firmalaryna we banklaryna sanksiýa goýan ÝB, sanksiýa sanawynyň göwrümini giňeltdi.

ÝB-niň Ýokary wekili Borrel, penşenbe güni Ukraina harby hüjüm başladan Wladimir Putin bilen Sergeý Lawrowyň sanksiýa sanawyna alynandygyny we Ýewropadaky emlaklarynyň saklanyljakdygyny habar berdi.

Kabul edilen sanksiýa bukjasynda Russiýa Parlamentyñ aşaky ganady Dumanyñ 352 agzasyna çäklendirme güýje girizildi. şeyle-de Russiýanyn Ukraina guraýan harby operasiýasyna goldaw berýän hökümet agzalary, maliýe kömegi berýän banklar, işewür adamlar we köp sanda  firmalaryñ aralarynda bolan jemi 27 sany Rus işewür adamy we guramalar sanksiýa sanawyna girizildi.

Russiýa döwletiniň we hökümetiniň ÝB maýagoýumyna, maliýe bazarlaryna we hyzmatlaryna girişi çäklendirildi.

Tassyklanyş tapgyrynda bolan ikinji sanksiýa bukjasynda bolsa Russiýa maliýe, energiýa, transport, eksport gözegçiligi we maliýe we wiza syýasaty ýaly dürli ugurlarda Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmek bar.

Rus banklaryñ Angliýadaky emlaklary saklandy

Beýik Britaniýanyñ premýer ministr Boris Jonson, ähli uly Rus bankalrynyñ Angliýadaky emlaklarynyñ saklanandygyny we Russiýa garşy köp sany tehnologiýa eksporty ýatyrylmagy üçin kanun kabul ediljekdigini mälim etdi.

Rus döwlet we hususy firmalaryñ Angliýada pul ýygnamagy,  gymmatly kagyzlar bilen söwda etmegi we karz bermegi gadagan edildi. 100-den gowrak rus guramasyna täze sanksiýalar girizildi.

Premýer ministr Boris Jonson, ýakyn wagtda Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin we Russiýanyñ daşary işler ministri Sergeý Lawrowyñ sanksiýa sanawyna giriziljekdigini mälim etdi.

Kanadalylaryñ Russiýanyň döwlet obligasiýalaryny satyn almagy gadagan edildi

Kanadanyñ premýer ministri Trudeau Donesk we Lugansk sebitleriniň garaşsyzlygy ykrar eden Russiýa garşy sanksiýalar girizijekdigini habar beripdi. Bu çäkde karara ses beren Rus parlamentyñ agzalarynyñ nyşana alynjakdygy we Kanadalylaryñ Russiýanyñ döwlet obligasiýalaryny satyn almagy gadagan ediljekdigi mälim edildi.

Premýer ministr Tredeau, Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrowyñ hem sanskiýa sanawyna giriziljekdigi belläp Belarus we Belarusyñ prezidentine goşmaça sanksiýa goýuljakdygyny aýtdy.

Trudeau, " Russiýanyň Swift ulgamyndan çykarylmagyny goldaýarys"-diýdi.

Angliýa, Fransiýa we Kanadanyň başda durmagynda köp ýurt Russiýany Swift ulgamyndan çykarylmagyny goldaýandyklaryny mälim edip başlady.

Mesele boýunça Ak tam tarapyndan berilen soñky beýannamada, Russiýany SWIFT ulgamyndan çykarylmagy mümkinçiliginiň ara alnyp maslahatlaşylýandygy habar berildi.

Habarlar