russi-a-ki-ew-mariupol-harkow-we-sumiden-parahat-ilaty-gocurulmegi-ucin-wag

Russiýa, Kiýew, Mariupol, Harkow we Sumiden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilendigini yglan etdi

Russiýa, Kiýew, Mariupol, Harkow we Sumiden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin Moskwa sagady bilen 10:00-da wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilendigini yglan etdi.

08 Mart 2022 13:29

Russiýanyň Goranmak ministrligine bagly Ukrainada ynsanperwer kömek üçin koordinasiýa merkezi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, Kiýew, Mariupol, Harkow we Sumide ynsanperwer ýagdaýyň aşa erbet bolandygy mälim edildi.

Fransiýanyñ prezidenti Emanuel  Makronyñ Russiýa Federasiýasynyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ynsanperwer koridoryñ açylmagyny talap edendigi bellenen beýannamada, “ Rus goşuny, Kiýew, Mariupol, Harkow we Sumi şäherlerinde asuda ilatyñ göçürülmegi üçin Moskwa sagady bilen 10:00-dan başlap wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilendigi yglan edildi.”-diýildi.

Açyljak ynsanperwer koridorlaryň uçarmansyz howa ulaglary bilen yzarlanjakdygy bellenen beýannamada Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Gyzyl Haç guramasyna maglumat berilendigi nygtaldy.

Beýannamada: “ Ukrainadan görkezilen ugurlarda ynsanperwer koridorlary döretmek üçin ähli şertleri ýerine ýetirmegini we parahat ilatdan we daşary ýurt raýatlaryndan guramaçylykly  ýagdaýda çykmagyny üpjün etmegini isleýäris" -diýildi.

Habarlar