russi-a-turki-e-ukraina-uctarapla-yn-maslahat-oz-isine-baslady

Russiýa-Türkiýe-Ukraina üçtaraplaýyn maslahat öz işine başlady

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Rus we Ukrain kärdeşleri bilen Antalýa şäherinde duşuşdy. Üç taraplaýyn maslahat başlady.

10 Mart 2022 12:07

Russiýa we Ukraina arasyndaky çaknyşyklaryñ bes edilmegi we sebitde parahatçylygy üpjün etmek üçin uly tagalla edýän Türkiýe, Russiýa-Ukraina urşunyñ başlan gününden bäri ilkinji gezek Russiýanyñ daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ukrainanyñ daşary işler ministri Dmitro Kulebany duşuşdyrýar.

Üçtaraplaýyn maslahatda çaknyşyklaryñ bes edilmegi we iki ýurduñ arasynda hemişelik ot atyşygyñ bes edilmegi ylalaşygynyñ kabul edilmegi maksatlanýar.

Türkiýäniñ ýöreden diplomatiýasy netije berdi

Daşary işler ministrleriñ üçtaraplaýyn maslahatyñ Russiýanyñ Ukraina guraýan hüjümlerini soñlandyrmagy üçin öwrülşik nokady bolmasy tama edilýär.

Antalýa Diplomatiýa Forumy

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyñ ýer eýeçiliginde geçiriljek Antalýa Diplomatiýa forumyñ açylyş dabarasynda Prezident Rejep Taýyp Erdogan çykyş eder.

Foruma üç müñe golaý adamyñ gatnaşmagyna garaşylýar. 19 döwlet we hökümet ýolbaşçysy, 73 ministr we 42 sany halkara guramalaryñ wekilleri Antalýa Diplomatiýa Foruma gatnaşar.

Türkiýäniñ gatnaşyklarynyñ kadalaşmaga başlaýan Ermenistanyñ daşary işler ministri Ararat Mirzoýan hem foruma gatnaşyjylaryñ arasynda orun alýar.

Habarlar