russi-a-ukraina-krizisi-sahna-arkasy

Russiýa-Ukraina Krizisiñ sahna arkasy

Russiýa, Ukraina garşy hüjüm başlatdy. Russiýa haýsy sebäpleri öñe sürip Ukraina garşy harby operasiýa başlatdy? Minsk ylalaşygy näme aňladýar?

24 Şubat 2022 19:42

Russiýa, köp ýurduñ  berk reaksiýa görkezmegine garamazdan Ukraina garşy harby operasiýa başlatdy.

Ukrainada 2013-nji ýylda näme bolupdy?

2013-nji ýyldan bäri Russiýa we ýewropa ýurtlary arasyndaky dartgynlygyñ merkezi bolan Ukrainada şugün baş berýän wakalaryñ düýbi şol ýyllarda atyldy.

Paýtagt Kiýewde başlaýan protest ýörişler sebäpli şol döwrüñ prezidenti Wiktor Ýanukowiç Russiýa sygynda we prezidentlik wezipesine ýewropa tarapdary bolan Poroşenko saýlandy

Russiýa Krymy basyp aldy

Ukrainadaky täze hökümeti ykrar etmeýän Russiýa, 2014-nji ýylyñ mart aýynda Prezident Wladimir Putin gol çeken karary bilen Krymyñ basyp alynmagyny tassyklady.

2014-nji ýylyñ sentýabr aýynda Ukraina, Russiýa, Donesk we Lugans sebit dolanyşygy bilen ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyñ arasynda baş berýän düşnüşmezligi çözmek üçin Belarusyñ paýtagty Minskde maslahat geçirildi we maslhatda gyssagly ýagadýda od atyşygyñ bes edilmegi ylalaşygyny tassyklamak karary kabul edildi.

Ýöne kabul edilen 12 maddalyk Minsk ylalaşygy doly durmuşa geçirilmedi.

2015-nji ýylyñ fewral aýynda taraplar Minskde ýene bir gezek maslahat geçirip ilkinji ylalaşyga laýyklykda çyzylan serhetlere çekilmegi kabul etdi.

Russiýa, Ukrainanyñ Minsk ylalaşygyny basgalandygyny öñe sürdi

Russiýa soñky döwürde Ukrainada daşary ýurtly esgerleriñ ornaşýandygyny we bu ýagdaýyñ Minsk ylalaşygyny basgalamak manysyny añladýandygy öñe sürip Ukrainadaky daşary ýurtly esgerleriñ ýurtlaryna yzyna çekilmelidigini nygtady.

Russiýanyñ separatist toparlara berýän goldawyny ýatladan Ukraina bolsa Russiýanyñ berýän bu goldawynyñ Minsk ylalaşygyny göniden basgalaýandygyny öñe sürdi.

Ukrainanyñ hökümeti, 2014-nji ýylda bikanun ýagdaýda Krymy basyp alan Russiýanyñ Donbassa göz goýandygyna ünsi çekdi.

Ukrainanyñ NATO-a agza bolma talaby we ýewropa beýanaty Russiýanyñ rekasiýasyna sebäp boldy

Ukrainanyñ prezidenti Zelenskiý, ýurdunyñ NATO agzasy bolmalydygyny nygtap bu mesele boýunça ýewropa ýurtlaryny dogruçyl bolmaga çagyrdy.

Russiýa Ukraina garşy hüjüm başlatdy

Russiýa Donesk we Lugansk Halk Respublijkalaryny ykrar etme karary kabul etdi. Prezident Zelenskiý bolsa Ukrainanyñ serhetleriniñ halkara hukuklara laýyklykda çyzylan ýagdaýda galjakdygyny belläp Russiýa hiç zat bermeris diýdi.

Russiýa tarapdary separatist toparlaryñ gözegçiligi astyndaky Donesk we Lugansk sebitiñ garaşsyzlygyny ykrar edýän karara gol çeken prezident Wladimir Pyutin iki gün soñ bolsa Ukraina garşy harby operasiýa başlatdy.

 

Habarlar