russi-a-ukraina-krizisi-sugunki-agda-a-n-dip-etildi

Russiýa-Ukraina krizisi: Şugünki ýagdaýa nädip ýetildi?

Dünýä ýurtlarynyñ üns merkezinde Russiýa-Ukraina krizisi galmaga dowam edýär. Iki döwlet söweş ýagdaýyna nädip ýetdi, näme sebäp boldy?

22 Şubat 2022 18:21

Russiýa we Ukraina arasynda soñky ýyllarda baş berýän dartgynlyk Donbass sebitinde baş beren krizis bilen hasam möwjedi.

Russiýanyñ 2021-nji ýylyñ soñky aýlarynda serhet sebitine 100 müñden aşa esger ornaşdyrmagynyñ Amerikanyñ razwedka gullugy tarapyndan taýarlanan hasabatda çap edilmegi netijesinde  dünýä ýurtlary sebitde baş berýän wakalary üns merkezinde saklamaga başlady.

ABŞ-Russiýa-Ukraina we ÝB tarapyndan özara duýduryş, talaplar beýan edildi.

Ilki Russiýa, ABŞ we NATO-dan howpsuzlyk kepilnama talap etdi. Russiýa, NATO-dan gündogar serhedindäki harby birlikleriñ azaldylmagyny talap etdi, Ukraina we Gruziýanyñ NATO-a kabul edilmemeginiñ bolsa “ gyzyl çyzgylary” bolandygyny yglan etdi.

NATO bolsa bu karary Russiýanyñ berip bilmejekdigini aýtdy. ABŞ we ÝB, Russiýa Ukrainany basyp alan ýagdaýynda berk ykdysady sanksiýalara duçar galjakdygynyñ duýduruşyny berdi.

NATO-Russiýa Geñeşiñ maslahaty 2019-njy ýyldan soñ  ilkinji gezek 2022-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda geçirildi. NATO yza gadam atmady, Russiýanyñ howpsuzlyk talaplaryna kanagatlandyryjy jogap bermedi we maslahatdan netije çykmady.

2022-nji ýylyñ 21-nji ýanwarynda ABŞ we Russiýanyñ daşary işler ministrleri Ženewada duşuşdy. Bu duşuşykda Ameriika bir hepdäniñ dowamymda Russiýanyñ howpsuzlyk talaplaryna jogap beriljekdigi mälim etdi. 26-njy ýanwarda Amerikanyñ hökümeti tarapyndan Russiýa ugradylan hat hem Russiýany kanagatlandyrmady.

NATO, Ukrainyñ golaýyndaky agza ýurtlarda esger sanyny köpeltdi, Russiýa hem Ukraina serhedine goşmaça harby birlikler ugratmaga başlady.

ABŞ we ýewropa döwletleri Ukraina ýarag kömegi bermäge dowam etdi. özara harby türgenleşikler geçirildi.

Russiýa-Ukraina krizisiñ çözülmegi üçin bir tarapdan diplomatik tagallalar hem dowam etdi. ABŞ-nyñ prezidenti Baýdyn, Fransiýanyñ prezidenti Makron, Germaniýanyñ federal kansleri Şolz, Beýik Britaniýanyñ premýer ministri Jonson, Russiýa we Ukrainanyñ prezidentleri bilen ençeme gezek ýüzbe ýüz we telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Russiýa-Ukraina krizisi hasam möwjemäge başlamagy bilen ABŞ we köp sanda döwlet, Ukrainadaky diplomatlarynyñ hemmesini ýada bir bölegini ýurda çagyrdy.

Habarlar