russi-a-ukrainany-5-s-herinden-parahat-ilaty-gocurulmegi-ucin-wagtla-yn-ot-at

Russiýa, Ukrainanyñ 5 şäherinden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilendigini yglan etdi

Russiýa, Ukrainanyñ Kiýew, Harkow, Çernigiw, Sumi we Mariupol şäherlerinden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin Moskwa sagady bilen 10:00-dan başlap wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilendigini mälim etdi.

08 Mart 2022 13:28

Russiýanyň Goranmak ministrligine bagly Ukrainada ynsanperwer kömek üçin koordinasiýa merkezi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, Ukrainada 2 milliona golaý adamyñ Russiýanyñ edaralaryna başga ýerlere göçürülmek üçin ýüz tutandygy öñe sürüldi.

Ukrainadaky parahat ilatyñ göçürülmegi üçin Russiýanyñ taýar bolandygy bellenen beýannamada, “ Russiýa tapary 8-nji Martda Moskwa sagady bilen 10:00-da ot atyşygyñ bes edilendigini yglan edýär we Kiýew, Harkow, Çernigiw, Sumi we Mariupol şäherlerinde ynsanperwer koridoryñ döredilmegine taýar”-diýildi.

Habarlar