russi-a-ukrainany-5-s-herinden-parahat-ilaty-gocurulmegi-ucin-wagtla-yn-ot-at

Russiýa, Ukrainanyñ 5 şäherinden parahat ilatyñ göçürülmegi üçin wagtlaýyn ot atyşygyñ bes edilendigini yglan etdi

Russiýanyň Goranmak ministrligine bagly Ukrainada Howpsuzluk Dolandyryş merkezi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, Ukrainanyñ şäherlerinde ynsanperwer ýagdaýyň gaty erbet bolandygy bellendi.

09 Mart 2022 10:45

Parahat ilatyň we daşary ýurt raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekilen beýannamada, "Russiýa 9-njy martdan başlap Moskwa sagady bilen 10: 00-dan başlap ot atyşygyñ bes edilendigini yglan edýär we ynsanperwer koridorlary döretmäge taýýardyr" -diýildi.

Ukrainanyň Kiýew, Çernigow, Sumi, Harkow we Mariupol şäherlerinde parahat ilatyñ göçürülmegi üçin ynsanperwer kömek koridorlarynyň dörediljekdigi aýdylýan beýannamada Ukraina tarapyna iş wagtynyň kesgitlenmegi boýunça Moskwa sagady bilen gije 03:00-a çenli  ylalaşyk gazanmak teklip edildi.

Habarlar