russi-ada-3-nji-kovid-19-sanjymy-bellige-alyndy

Russiýada 3-nji Kovid-19 sanjymy bellige alyndy

Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Kowid-19-a garşy 3-nji sanjymyň bellige alynandygyny habar berdi.

21 Şubat 2021 13:58

premýer-ministr Mihail Mişustin wideo konferensiýa arkaly  geçirilen maslahatda Kowid-19 sanjym barlaglary barasynda maglumat berdi. Ýöredilýän sanjym barlaglaryndan şu gün "buşluk habary" alandyklaryny mälim eden Mişustin, "Çumakow Barlag Merkezi şu gün Kowid-19-a garşy" KoviVak "sanjymyny hasaba aldy" -diýdi. Bu sanjymyň 127 müň dozasynyň mart aýynyň ortalarynda raýatlara edilmegi üçin taýýar boljakdygyny bellän Mişustin: "Russiýa dünýäde Kovid-19 ýokanç keseliň öňüni almak üçin 3 sanjym döredilen ýeke-täk ýurt" -diýdi.

Russiýada Gamaleýa Ylmy Barlag instituty tarapyndan öndürülen ilkinji "Kowid-19" sanjymy bolan "Sputnik V" 2020-nji ýylyň awgust aýynda bellige alyndy. Wektor Barlag Merkezi tarapyndan işlenip düzülen "EpiVakKorona" sanjymy bolsa  2020-nji ýylyň oktýabr aýynda bellige alynypdy.

Habarlar