russi-ada-azyk-onumleri-bahasy-ewropa-bilelesigi-bilen-de-esdirilende-7-5-ess

Russiýada azyk önümleriñ bahasy Ýewropa Bileleşigi bilen deñeşdirilende 7,5% esse ýokarlady

Russiýada azyk önümleriñ bahasy 2021-nji ýylyñ ýanwar aýynda geçen ýylyñ degişli döwri bilen deñeşdirilende 8,2 % ýokarlady, Ýewropa Bileleşigi bilen deñeşdirilende bolsa 7,5 esse ýokarlady.

02 Mart 2021 23:16

Russiýanyň Federal Statistika institutynyň (Rosstat) berýän maglumatlaryna görä, ýurtda azyk önümleriniň bahasy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 göterim ýokarlandy.

Degişli döwürde, Ýewropa Bileleşinde azyk önümleriñ bahasy 1,1 göterim ýokarlady. Russiýada azyk önümleriñ bahasy Ýewropa Bileleşigi bilen deñeşdirilende 7,5 esse ýokarlady.

Russiýada gök önümleriñ bahasy 17,5 göterim, miwe önümleriñ bahalary 13,5 göterim, bal we şokolad ýaly süýji önümleriñ bahasy bolsa 13,7 göterim ýokarlandy.

Russiýa Federasiýasynyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin 2020-nji ýylyň dekabrynda ýurtdaky inflaýasiýa barasynda beren beýanatynda; azyk önümleriñ bahalarynyň ýokarlamagyna rublyň gowşamagy we koronawirus (Kowid-19) epidemiýa garşy göreş çäginde kärhanalara goýulan çäklendirmeleriň sebäp bolandygyny aýtdy.

Habarlar