russi-ada-gecirilen-news-photo-awards-overcoming-covid-atly-foto-surat-b-s

Russiýada geçirilen "News Photo Awards. Overcoming COVID" “ atly foto-surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

Russiýanyñ paýtagty Moskwada geçirilen “News Photo Awards. Overcoming COVID" atly foto-surat bäsleşikde Ispaniýanyň habar gullugy EFE foto-žurnalisti Brais Lorenzo Koutonyň "Doglan güni" surady baş baýraga mynasyp boldy

12 Mart 2021 15:02

Rus TASS Habar Gullugynyñ ilkinji gezek gurnaýan we Anadoly Agentliginiñ hem emin agzasy bolan  News Photo Awards. Overcoming COVID" “ atly  foto-surat bäsleşiginiň ýeñijilerine baýraklaryny gowşurma dabarasy gurnaldy.

Dabara Kremliñ metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýadan Maýagoýum Gaznasynyñ baş müdüri Kiril Dmitriýew, TASS Habar Gullygynyñ baş müdüri Sergeý Mihaýlow bilen köp sanda myhman gatnaşdy.

Foto-surat bäsleşiginde Ispaniýanyň habar gullugy EFE-niñ foto-žurnalisti Brais Lorenzo Koutonyň "Doglan güni" suraty baş baýraga mynasyp boldy

Sputnik habar gullugyndan Ilýa Pitalewiñ “ Mukaddes Çörek- Şerap Dini Çäre” atly foto-surady  baýragyna, Britaniýanyñ South West News Service (SWNS) habar gullugynyñ foto-žurnalisti Adam Grayyñ “ Kowid-19-yñ baş ştaby” atly surady iñ gowy seriýa surat baýragyna mynasyp boldy

Kremliñ metbugat sekretary Dmitriý Peskow dabarada eden çykyşynda; dünýäniñ güntertibine koronawirus epidemiýanyñ geçen ýyl girendigini nygtap “ žurnalist we esasanam pursady doñdurýan foto-žurnalistleri epidemiýa döwründe dünýäde baş beren wakalara añ ýetirmegimize kömek berdiler” -diýdi.

TASS Habar gullugynyñ baş müdüri Sergeý Mihaýlow eden çykyşynda koronawirus ýokanç keselin bütindünýä oñaýsyz täsirini ýetirendigini nygtap, “ kowid-19 heniz ýeñmedik ýöne ýenişe tarap ýol alýarys” diýdi.

Bäsleşigiñ emin agzasy bolan Anadoly Agentligi Visual habarlar bölüminiñ baş redaktory Hasan Öýmez uğradan ýüzlenmesinde koronawirus epidemiýanyň adamzat taryhynyň öwrülişik nokatlaryndan biridigini nygtap foto-suratlaryñ ýene bir gezek pursady taryha bellige alma güýjüni görkezendigini aýtdy. 

Habarlar