russi-any-dowlet-olbascysy-wladimir-putin-urtda-4-million-adama-kowid-19-san

Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, ýurtda 4 million adama kowid-19 sanjymy edilendigini mälim etdi.

Prezident Wladimir Putin, ýurtda 4 milliona gowrak adama kowid-19 sanjymy edilendigini nygtap: “ 2 miliondan aşa adama sanjymyñ 2-nji dozasy edildi. 2 million adama bolsa sanjymyñ 1-nji dozasy edildi”- diýdi.

04 Mart 2021 21:46

Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bir kömek guramasynyň meýletinçileri bilen geçirilen maslahatda eden çykyşynda ýurtda kowid-19 ýokanç keseline garşy alynyp barylýan sanjymlaýyş tapgyry barasynda maglumat berdi.

Prezident Putin, ýurtda sanjymlaýyş tapgyrynda käbir meseleleriň ýüze çykandygyny belläp: “ sanjym merkezleriniñ dolanyşygynda, sanjymlaryñ merkezlere ugradylmagynda käbir meseleler bar. Ýurduñ 9 sebitinde heniz adamlara sanjym edilip başlanmady diýdi.

Prezident Wladimir Putin ýurtda koronawirusa ýolugan adamlaryñ azalýandygyna ýöne heniz kowid-19 howpunyñ soñlanmadygyny nygtap bu howpa garşy halkara hyzmatdaşlygyñ ähmiýetine ünsi çekdi.

Russiýada prezident Wladimir Putiniñ görkezmesi bilen 2021-nji ýylyñ 18-nji ýanwarynda ýurtda “ Sputnik V” sanjymy bilen sanjymlaýyş tapgyryna başlandy.

Sanjymlaýyş tapgyrynda 18 ýaşdan ýokary bolan rayatlara sanjym mugt edilýär.  Allergiki we dem alyş ýollary keseli bolanlara, göwrelilere we ene süýdi bilen emdirýän zenanlara sanjym edilenok.

Sanjymyñ 1-nji dozasy edilenden 21 günden soñ sanjymyñ 2-nji dozasy edilýär.

Habarlar