russi-any-krymy-bikanun-anneksi-a-etmegini-7-nji-yly

Russiýanyň Krymy bikanun anneksiýa etmeginiň 7-nji ýyly

Russiýanyñ Krymy bikanun anneksiýa etmeginiň üstünden 7 ýyl geçdi we bu döwürde Krym Tatarlaryna uly basyş edildi.

16 Mart 2021 19:10

2013-nji ýylyñ 21-nji noýabrynda Ukrainanyñ paýtagty Kiýewde, prezident Wiktor Ýanukowiçiñ Ýewropa Bileleşigi bilen Şäriklik şertnamasyny gol çekmegi yza süýşürmegi bilen protest  ýörişler  başlady.

Krymda Russiýa tarapdarlarynyñ güýçlenmegine şol döwrüñ Krym Mejlisiniñ başlygy Wladimir Konstantinowyñ 2014-nji ýylyñ 20-nji fewralynda Moskwa şäherine guran sapary itergi berdi. Moskwa şäherine guran iş sapary dowamynda mejlisiñ başlygy Konstantinow, prezident Ýanukowiçiñ wezipesinden çetleşdirilen ýagdaýynda Krymyñ Ukrainadan aýrylmagy pikrini öñe sürdi. Ukrainada protestleriñ güýçlenmegi bilen prezident Wiktor Ýanukowiç 22-nji fewralda ýurtdan gaçdy.

Ýewropa tarapdarlaryñ wagtlaýyn ýurduñ dolanyşygyna geçmegi rus tarapdarlarynyñ Krymda hasam güýçlenmelerine sebäp boldy.

2014-nji ýylyň 25-nji fewralynda rus tarapdarlary Krymyñ Russiýa baglanmagy üçin mejlise basyş etmäge başladylar. 400-e golaý Rus tarapdary Krym mejlisini basyp Krymyň garaşsyzlygyny yglan etmegi üçin  mejlisden referendum karary kabul etmegini talap etdi.

26-njy fewral wakalary

Parlamentyñ başlygy Konstantinowyñ 2014-nji ýylyň 26-njy fewralynda mejlisiñ baş assambleýasynda referendum karary ara alynjakdygyny mälim etmegi bilen Krymyñ Russiýa goşulmagyny isleýän Rus Bileleşigi Partiýasy  mejlis binasynyñ öñünde protest ýörişi gurnama karary kabul etdi.

2014-nji ýylyň 26-njy fewralynda Krym Mejlisiniň öňünde Krym Tatar Milli Mejlisi we Russiýa Bileleşigi partiýasy protest ýörişi gurnadylar. Ukrainanyñ toprak bitewiligine goldaw bermek üçin 7 müñden aşa Krym Tatary protest ýörişe gatnaşdy. Ýörişde 2 adam ýogaldy.

Şol gijeden soñ eşiklerinde hiç hili harby nyşana bolmaýan  Russiýa tarapdary ýaragly güýçler Krymyň mejlisini we hökümet binalaryny basyp aldy.

2014-nji ýylyñ 6-njy martynda Russiýa tarapdary bolan ýaragly "ýaşyl adamlaryň" kölegesinde Krym Awtonom Respublikasynyň Mejlisi, Krymyň Russiýa goşulmagy üçin referendum geçirmek kararynyñ kabul edilendigini mälim etdi. Ýaşyl adamlar, Krym Tatarlaryna we Ukrainalylara basyş edip olary ýarymadadan çykarmaga synanyşdy.

Krym Tatar Milli Mejlisi kanuny däldigi sebäpli referendumy weto etmesine garamazdan 2014-nji ýylyñ 16-njy martynda ýaşyl adamlaryň gözegçiligi astynda geçirilen referendumda Krymy Russiýa goşmak karary çykdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2014-nji ýylyň 21-nji martynda Kreml köşgünde geçirilen dabarada  "Krym bilen Sewastopolyň Russiýa goşulmagy we täze federal sebitleriň döredilmegi baradaky" kanuna gol çekip, ýarym adanyň bikanun anneksiýa edilme prosesini tamamlady.

Russiýanyñ Krymy bikanun anneksiýa etmeginden soñ Krym tatarlara basyş edilmäge dowam etdi, köp sanda Krym tatary tutsag edildi.

Krym tatarlaryñ lideri Mustafa Abdüljemil Kyrymogly we Krym Tatar Milli Mejlisiniñ  deputatlaryna Kryma girişleri gadagan edildi. Krym Tatar Milli Mejlisi ýapyldy.

Russiýanyñ Krymy bikanun anneksiýa etmeginden soñ ýarymadada sosial we harby taýdan Russiýanyñ güýji pugtalandyrylmaga dowam edýär.

Krym tatarlaryñ lideri Mustafa Abdüljemil Kyrymogly özleriniň taýarlan hasabata görä, 600 müñ Russiýa raýatyñ  ýarymada getirilendigini belledi.

Ukrainanyñ daşary işler ministirligi tarapyndan berilen beýannamada bolsa 2014-nji ýyldan soñ Russiýanyñ Kryma 32 müñ 500 esger ornaşdyrandygy mälim edildi.

Habarlar