sa-abbas-metjidi

Şa Abbas Metjidi

“Juma metjidi” diýlip hem atlandyrylýan Genje metjidi, Azerbaýjanyň Genje şäheriniň merkezinde orun alýar.

11 Şubat 2022 22:40

1606-njy ýylda gurlan metjide, 1587-1629-njy ýyllarda Beýik Şa Abbasyň buýrugy bilen gurlanlygy üçin halk arasynda bu metjide "Şa Abbas Metjidi" hem diýilýär.

Eýranyň 5-nji Safawid şasy Şa Abbas I, Safawidler neberesiniň iň beýik hökümdary diýip kabul edilýär.

1776-njy ýylda gyzyl kerpiçden ýasalan metjide iki minara goşuldy. Metjid 2008-nji ýylda doly abatlandy.

Arheologlaryñ eden barlaglary netijesinde metjidiň ozal pikir edilşi ýaly XVIII asyryň ahyrynda däl-de, 1910-njy ýylda gaýtadan dikeldilendigi ýüze çykýar.

Töweregini gurşaýan köp asyrlyk çynar agaçlary metjide özboluşly gözellik berýär.

Metjidiñ edil öñündäki meýdanda 1700-nji ýyllaryñ ahyrynda baş beren söweşde az sanda esgeri bilen Genje şäherini 30 müñ esgerlik Rus goşunyna garşy gorap adyny Türk taryhyna altyn harplar bilen ýazdyran gahryman Jewad hanyñ kümmeti orun alýar.

Eserlerinin aglabasy ýewropa dillerine terjime edilen Azerbaýjan Türki şahyr we bilim adamy Mirza Wazeh (1796-1852) metjidiñ medresesinde mugallym bolup işledi.

Habarlar