saken-a-manow-adyndaky-gazakfilm-kino-studi-asy

Şaken Aýmanow adyndaky “Gazakfilm” kino-studiýasy

1936-njy ýyldan bäri iş alyp barýan “Gazakfilm” kino-studiýasy Gazagystanyň medeniýetinde möhüm orny eýeleýär.

08 Nisan 2022 21:18

“Gazakfilm” kino-studiýa, 1934-nji ýylda “Almaty kino-studiýasy” bolup guruldy we 1936-njy ýyldan başlap dokumental-filmler ýazga alynmaga başlandy.

Wagtyñ geçmegi bilen Almaty kino-studiýasyna 1941-nji ýylyñ 15-nji noýabrynda “ Mosfilm”, “Lenfilm” we “ Merkezi Umumy kino-studiýa” goşuldy.

1944-nji ýyla çenli Sowet Soýuzynyň çeper filmleriniň 80 göterimini öndüren “Almaty kinostudiýasy”, çeper filmerinde esasanam uruş ýyllaryny gürrüñ berdi.

1960-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda studiýa “Kazakfilm” kinostudiýasy ady dakyldy. Häzirki adyny bolsa 1984-nji ýylda Gazagystanyň milli kinematografiýasynyň öňdebaryjy şahsyýeti Şaken Aýmanowyň hormatyna aldy.

Studiýa, 1991-2016-njy ýyllar aralygynda 136 sany çeper film, 73 sany gysga metražly çeper film, 258 sany dokumental film we 67 sany animasiýa öndürdi.

2008-nji ýyldan bäri “Gazakfilm” kino-studiýasynyñ 200-den aşa eseri, dünýäde 60 döwletde 220-den aşa festiwal we halkara görkezilişlere gatnaşdy.

Habarlar