sanha-hyzmatdaslyk-guramasyny-liderler-sammiti-15-16-njy-sent-abr-aralygynda-s

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň liderler sammiti 15-16-njy sentýabr aralygynda Samarkantda geçiriler

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň liderler sammitiniň 15-16-njy sentýabr aralygynda Özbegistanyň taryhy Samarkand şäherinde geçiriljekdigi mälim edildi.

17 Mayıs 2022 10:52

Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wladimir Narow, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Jang Min bilen geçiren duşuşygyndan soň geçiren metbugat ýygnagynda Özbegistanyñ şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklyk wezipesini ýöredýändigini nygtap ýurtda bu çäkde 40-a golaý  maslahat we çäreler gurnalandygyny aýtdy.

Narow, 15-16-njy sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň liderler sammiti Özbegistanyñ taryhy Samarkand şäherinde geçiriljekdigini we bu maslahatyñ çäginde guramanyň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm kararlaryň kabul edilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Russiýa, Hytaý, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Päkistan we Hindistanyñ agza bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň soňky sammiti 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilipdi.

Habarlar