seljuklylary-mirasy-soltan-sanjary-kummeti

Seljuklylaryñ mirasy: Soltan Sanjaryñ Kümmeti

Türkmenistanyñ gadymy Merw şäheri, ady Türk taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Seljuklylar döwletiniñ iñ soñky hökümdary Soltan Sanjaryñ kümmetine ýer eýeçiligi edýär.

11 Ağustos 2021 13:53

Seljuklylar döwletiniñ şasy Soltan Sanjar 1086-1157-nji ýyllar aralygynda 39 ýyl tagtda galdy.

Gadymy Merw şäherinde ýerleşýän bu kümmet hakykatdan hem Demirgazyk Horasan binagärlik mekdebine degişli  deñi-taýy bolmaýan ajaýyp nusgadyr. Kümmete  Soltan Sanjaryň “Ahyrýetde ýaşajak jaýy” diýlip atlandyrylypdyr.

10 ýylda gurlan kümmet, adatdan daşary gurluşy bilen Seljuk binagärliginiň ajaýyp eseri hökmünde kabul edilýär.

Bu binanyň mimary sarahsly meşhur binaçy ussa Muhammet ibn Atsyzdyr. Binýady dört metr çuňlukda tutulan otuz sekiz metr beýikligi bolan bu kümmet dörtburçly bişen kerpiçden salnypdyr. Ymaratyň özboluşly binagärlik keşbi, diwarlara salnan nagyşlar türkmen ussalarynyň öçmejek şöhratydyr.

Soltan Sanjaryñ kümmeti uly toplumyň bir bölegidir, oňa guburyň ýerleşýän ymaratyndan başga-da, köşk otaglary, gümmezli metjidiň binasy girýär. Emma 1220-nji ýylda Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşlary we wagtyň geçmegi bilen toplumdan diňe kümmet  saklanyp galdy.

Kümmetiñ umumy beýikligi 38 metre ýetipdir we gümmeziň gök syrçasy örän alyslardan görnüpdir.

Soltan Sanjar kümmetinde 2002-nji ýylda Türkiýe Hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryjy Agentligi TIKA tarapyndan abatlaýyş işi başlanyp 2004-nji ýylda tamamlanyp zyýarata açyldy.

Habarlar