serdar-berdimuhamedow-turkmenistany-prezidenti-wezipesinde-ilkinji-nobatda-sere

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji nobatda seretjek meseleleri barada aýtdy

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipesine girişmek dabarasynda söz sözlemek bilen, bu wezipede nähili işlejekdigi, ilkinji nobatda zerur bolan haýsy meselelere seretjekdigi barada belläp geçdi.

19 Mart 2022 19:02

Türkmenistanyň täze Prezidentiniň çykyşynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geljekde ýerine ýetirilmeli işler barada umumylaşdyrylyp beýan edildi. Onda hemme ugurlar bilen bir hatarda, durmuş ugruna hem möhüm ähmiýet berildi. «Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagtdan ünsden düşürmez» diýip, hormatly Prezident belledi. Nygtalyşy ýaly, köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek esasy aladalaryň biri bolar.

Habarda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda:

— Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin, biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde el-ele berip işlemelidiris.Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn.

Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Eziz watandaşlarymyz! Agzybirligimiz bilen, ähli sepgitlere ýeteris — diýip nygtady.

Habarlar