siwilizasi-alary-s-heri-mardin-we-di-arbakyra-oraza-ba-ramynda-kop-sy-ahatcy-a

Siwilizasiýalaryň şäheri Mardin we Diýarbakyra Oraza baýramynda köp syýahatçy aýlanmaga geldi

Taryhy binalary we ynanç syýahatçylygy taýdan gymmatly eserlere ýer eýeçiligi edýän Diýarbakyr we Mardin şäherlerine Oraza baýramyndan köp syýahatçy aýlanmaga geldi.

06 Mayıs 2022 21:33

Asyrlar boýy köp sanda tapawutly siwilizasiýalara ýer eyeçiligi eden, taryhy we syýahatçylyk mekanlary bilen öñe çykýan Mardin we Diýarbakyr şäheri ýerli we daşary ýurtly syýahatçylylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Koronaiwrus pandemiýasyna garşy göreş çäginde güýje girizilen çäreler netijesinde gündelik durmuşyñ kadalaşmaga başlamagy bilen Oraza baýramynyñ gelmegi bilen şäherlerde hereketlilik we Oraza baýramynyñ bereketi köçelerde görlip başlandy.

Diýarbakyrdaky ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä miras sanawynda orun alýan taryhy diwarlar, Içgala Muzeý toplumy, Uly metjidi, Ön gözli köpri we Hasanpaşa kerwansaraýy, Mardindäki taryhy köçe we ýollar, Mardin müzeýi, Kasymiýe medrese we Deýrulzafaran ybadathanasy ýaly köp sanda taryhy we medeni mekanlar ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar bilen doldy.

Habarlar