soltan-ii-ba-ezid-toplumla-yn-saglyk-muze-ine-2021-nji-ylda-gezm-ge-gelenleri

Soltan II. Baýezid toplumlaýyn saglyk müzeýine 2021-nji ýylda gezmäge gelenleriñ sany köpeldi

Osman döwrüniň lukmançylyk bilimini we bejeriş usullary barasynda giñişleýin maglumat berýän, köp sanly halkara baýraklara eýe bolan Soltan II. Baýezid toplumlaýyn saglyk müzeýine Kowid-19 pademiýasyna garamazdan 2021-nji ýylda gezmäge gelenleriñ sany köpeldi.

07 Ocak 2022 22:21

Soltan II. Baýezid tarapyndan 1488-nji ýylda gurlan we lukmançylyk mekdebi, hassahana we ymarathana hökmünde ulanylan bu toplum häzirki wagtda Trakýa uniwersitetiniň çäginde “Saglyk muzeýi” bolup hyzmat edýär.

Osman imperiýasy döwründe akyl taýdan näsaglara suw, aýdym-saz, hoşboý yslar we kär bilen bejergi edýän hassahana bölümleriniñ bolan muzeý ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

ÝEUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň wagtlaýyn sanawynda orun alýan we halkara derejesinde ykrar edilen muzeý, gelýänleriň sanyny 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterimden gowrak artdyrdy.

Soltan II. Baýezid toplumlaýyn saglyk müzeýi

Soltan II. Baýezidiň Akkirman saparyna çykanynda 1484-nji ýylda düýbüni tutan bu toplumyñ gurluşygy 1488-nji ýylda tamamlandy. Osmanly döwründe lukmançylyk, hassahana we ymarathana bolup hyzmat eden toplumda akyl we ruh saglygy bejergilerine 1800-nji ýyllardan soň başlandy.

Osman imperiýasynyň soňky döwürlerinde, Balkan söweşlerinden soň ýapylan we uly zepr berilen muzeý, 1978-nji ýylda toplum Trakýa uniwersitetiñ düzümüne geçirilenden soñ, 1986-njy ýylda gaýtadan dikeldildi.

Habarlar