soltan-tekesi-koneurgencd-ki-kummeti

Soltan Tekeşiñ Köneürgençdäki Kümmeti

Soltan Tekeşiň kümmeti, Köneürgenç taryhy-medeni goraghananyň çäginde ýerleşýär.

11 Eylül 2021 17:57

Horezmşa Tekeşiň (hökümdarlyk ýyllary 1172-1200ý.) doglan wagty hakda taryhy çeşmeler bize hiç zady habar bermeýär. Biz diňe onuň kakasy Il Arslanyň 1117-1118-nji ýyllarda doglandygyny, 17-18 ýaşlarynda öýlenendigini hasaba alyp, Tekeşiň 1135-1136-njy ýyllarda doglandygyny çaklaýarys. Eger şeýle bolsa, Tekeş 37-38 ýaşynda Horezmşalar şadöwletiniň tagtyna geçen bolýar. Tekeşiň adyna Buharada hutba okalyp, pul zikgelenipdir.

Soltan Tekeş ökde diplomat we uly serkerde bolupdyr. Döwrüniň syýasy ýagdaýlaryndan oňat baş çykaran Tekeş Mawerannahry we Yragy-Ajamy döwletiniň çäklerine birikdiripdir. Tekeşiň döwründe goşun başda kaňly-gypjaklar bilen birlikde halaç, garlyk, uran, ugrak ýaly taýpalardan ybaratdy.

Tekeş öz raýatlaryna adalatly çemeleşen soltan bolupdyr. Ol örän ýiti akyllylygy bilen tapawutlanypdyr. Aýtmaklaryna görä, Tekeş saza aýratyn sarpa goýupdyr. Hiç kim ud saz guralynda onuň ýaly ajaýyp sazlary çalmandyr.

Tekeşiň köşgi alymlaryň jemlenen ýeri bolupdyr. Taryhçy Ibn Esir ol hakda: «Ol juda bilimli we ylmyň dürli pudaklaryndan oňat baş çykarýan hökümdar bolupdyr. Adalatlylygy, adamkärçiligi we alyp baran haýyr-yhsan işleri bilen öz raýatlarynyň arasynda uly abraýdan we hormatdan peýdalanypdyr» diýip ýazypdyr.

Şahyrlar Ymady Zowzany, Zahyreddin Tahyr ibn-Muhammet al-Farýaby, Kemaleddin Ysmaýyl (1172-1237) soltan Tekeşiň şanyna kasydalar ýazypdyrlar. Horezmşalar döwletiniň abraýly medreselerinde okatjak müderrisler — mugallymlar hut soltanlaryň özüniň teklip etmegi boýunça bellenipdir

Köneürgençde Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda Soltan Tekeşiň ady bilen baglanyşdyrylýan ymarat ýerleşýär. Ol Il Arslanyň ýadygärliginden soňra gadymy Gürgenjiň mongollar gelmezinden öňki binagärçiliginden abat saklanyp galan ikinji bir ajaýyp ýadygärlik hasaplanýar. Gözelligi babatda oňa Merkezi Aziýada ýeke-täk, deñi-taýy bolmaýan ymarat diýmek bolar.

Bina jahanyň çar künjüne bakyp durar ýaly edip salnypdyr, onuň esasy girelgesi demirgazyk tarapda ýerleşýär.

Asyrlaryň dowamynda tebigy hadysalaryň, uruşlaryň hem-de bejergi işleriniň netijesinde kümmetiň ozalbaşdaky keşbi biraz üýtgäpdir.

Habarlar