sowet-so-uzy-geografi-asyndaky-turkleri-sesi-jengiz-dagjy

Sowet soýuzy geografiýasyndaky Türkleriň sesi: Jengiz Dagjy

Jengiz Dagjy: Bize Tatar, Çerkez, Türkmen, Gazak, Özbek, Azerbaýjan, Garagalpak, Çeçen, Uýgur, Kabardy, Başkurt, Gyrgyz diýýärler. Bularyñ hemmesi ýalan. Deñiz bölünmeýär. Biz Türk-Tataryz.

10 Aralık 2021 15:51

Jengiz Dagjy, 1919-njy ýylyň 9-njy martynda Krymyň Gurzuf şäherinde sekiz çagaly maşgalanyň dördünji çagasy bolup dünýä indi. Maşgalasy 1923-nji ýylda Gurzufdan Kyzyltaşa göçdi.

Jengiz Dagjy 10 ýaşyndaka 1929-njy ýylyň soñlarynda Staliniň görkezmesi bilen Krym Türkleriñ ata watanlaryndan sürgin edilşine şaýat boldy. Sebäpsiz öýlerinden kowulan adamlaryň görgülerine şaýat bolmak, Jengiz Dagjynyň kalbynda çuňňur yz galdyrdy.

1930-njy ýylda Sowet hökümetiñ başladan kolhoz syýasatynyñ netijesinde adamlaryñ emläk hukuklary ellerinden alyndy. Jengiz Dagjynyñ kakasy öz üzümçiligindäki üzümleriň ýapraklaryny aglap öpendigi üçin tussag edilipdi. 3 aý türmede galan kakasy boşadylandan soň, maşgala Akmetjit şäherine göçdi.

Akmetjitde ýaşaýan döwürlerinde Jengiz Dagjy,1933-1934 ýyllary aralygyndaky gytlygy ýaşady. Ol 1936-njy ýylda Ýaşlyk žurnalynda “ gyş”, “ Kart-anaý we Eçkisi” , “ Aýdyñ diwarlar” atly şygyrlary neşir edildi.

1937-nji ýylda Akmetjid pedagogika institutynyň taryh fakultetine giren Jengiz Dagçy, Krymyň taryhy barada kitap okaýarka, Ömer Seýfettiniň hekaýalary bilen tanyş bolup olary okamaga başlady.

II Jahan urşy sebäpli ol hem deň-duşlary ýaly goşuna çagyrylýar. 1940-njy ýylyň dekabrynda rus goşunyna goşuldy.

Jengiz Dagjy 1941-nji ýylyň awgust aýynda nemesler tarapyndan ýesir alyndy. Müňlerçe ýoldaşlary bilen bilelikde ilki Ukrainanyň Kirowograd türmesine, 2 aýdan soň bolsa Uman türmesine göçürüldi.

Jengiz Dagjy 1942-nji ýylyñ aprel aýynda Nazileriñ Musulman ýesirlerden front liniýada peýdalanmak maksady bilen guran Türkistan legionyna göçürildi. Bu ýerde beýleki Türk asylly ýesirler ýaly Jengiz Dagjy hem Türkistanyñ garaşsyzlygy üçin söweşýändigini öýdýärdi.

1942-nji ýylyñ sentýabr aýýnda Nemeslerden rugsat alyp Kryma maşgalasyny görmäge gitti. Bir hepdelik dowam eden saparynda maşgalasyny we watanyny soňky gezek gördi.

Türküstan legionyna gaýdyp gelen Jengiz Dagjynyñ harby bölümi 1943-nji ýylyň soñlarynda Fransiýanyň günorta-günbataryna ugradyldy. Albi şäherine gelenlerinde, Kryma dolanmak isleýändigini aýdýar we haýyşy kabul edilýär. Albi şäherinden Warşawa gelen Jengiz Dagjy, Krym ýoly ýapyk bolansoň Warşawada garaşmaly bolýar.  1944-nji ýylda Warşawada durmuş ýoldaşy Regina bilen tanyşýar.

Urşuň Germaniýa garşy üýtgemegi we ruslaryň Polşa tarap öňe gitmegi Warşawany Jengiz Dagjy üçin howply ýagdaýa getirdi. Reginanyñ nesihatyny diñläp Çestahowa giden Jengiz Dagji, bu ýerde biraz saklandy. Warşawa gaýdyp geleninde Reginanyň Radoma gidendigini öwrendi.

Frankfurt-Oder şäherine gidip ol ýerde tatar milli komiteti bilen habarlaşdy. Düşünişmezlik sebäpli Berline gitdi we “Ýaş Türkistan” atly gazetde işini dowam etdirdi.

Berliniñ gabaw astyna alynamgy bilen Jengiz Dagji we Regina 1945-nji ýylyň fewral aýynda Wena gitdi. Wenadan otly bilen Insburg şäherine barmaga synanyşýarkalar Amerikanyň harby uçarlary olara hüjüm etdiler we Regina golundan ýaralandy. 

Şweýsariýa geçmek isleseler-de, Amerikan esgerleri beýleki bosgunlar bilen olary Awstriýadaky Landeck bosgun düşelgesine ugratdy.

Jengiz we Regina 1945-nji ýylyň 18-nji iýunynda bu düşelgede durmuş gurdular we bir gyzlary dünýä indi. Dagjy maşgalasy ilki Italiýadaky Barlette lagerine, soňra Angliýa göçdi.

1947-nji ýyldan başlap Londonda ýaşamaga başlan Jengiz Dagjy restoranda işläp maşgalasynyñ güzeranyny gördi.  1974-nji ýylda Londonyň Wimbledon golaýyndaky Sautfildsde ornaşdylar.

1998-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda 53 ýyllap ýan ýoldaşy bolan Regina aradan çykdy. Bu ölüm Dagja gaty erbet täsir etdi we gündeliginde  aýalyna bagyşlap ýazan goşgularyny “Regina” atly kitabynda bir ýere jemledi.

Jengiz Dagjy 2011-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Sautfildde dünýeden ötdi. Watany Krymdan çykandan soň ata watanyna gaýdyp bilmedik Dagjynyñ gubury, Türkiýe hökümetiniñ tagalalsy bilen çagalyk döwrüniñ geçen Gyzyltaş obasynda jaýlandy.

Jengiz Dagjy Türkiýede hiç bolup görmedik hem bolsa, romanlaryny esasan  türk dilinde ýazdy. Döredijilik durmuşyna şygyr bilen başlaýan Jengiz Dagjy esasanam II Jahan Urşunuñ öñi syrasynda we II Jahan urşy dowamyndan başdan geçiren we şaýat bolan wakalar barasynda romanlar we hekaýalar ýazyp tanymal bolmaga başlady.

Jengiz Dagjy, “Aýylganç ýyllar”, “Olaram Adam”, “Ejeme ýazylan hatlar” we “Garry söweşiji” ýaly romanlarynda kommunistik Russiýanyň dolandyryşyna geçmezden ozal parahatçylykly we bagtly Krym hakda gürrüň berdi. Ol romanlarynda sürgünleri, işsizligi, açlygy, döwletiň adyndan şahsy emläkleriň konfiskasiýa edilmegini, kiril elipbiýiniñ hökmany bolmagyny, dini borçlaryň ýerine ýetirilmeginiñ gadagan edilmegini, däp-dessurlar, Ruslar tarapyndan Krym türklerine edilen basyş we gyrgynçylygy gürrüñ berdi.

Romanlary: “Ölüm we gorky günleri”, “Gaýdyp geliş”, “Ýaş Temuçin”, “Badam şahasynda asylan bäbekler”, “Üşeýän köçe”, “Ejeme ýazylan hatlar”, “Meniň ýaly biri”, “Ýoldaşlar, Bu ýoldan bilelikde geçdik”.

Hekaýalary: “Jenap Markus Burtonyň iti”, “jenap Jon Marplyň soňky syýahaty  OýMarkus Oý!”, “Düýşlerde, Ene we kiçi Alimjan”

Habarlar