stambul-s-heri-basyp-alynmagy-ucin-ulanylan-front-lini-alar-568-yldan-b-ri-g

Stambul şäheriñ basyp alynmagy üçin ulanylan front liniýalar 568 ýyldan bäri gelim-gidimli ýer bolmaga dowam edýär

Stambul şäheriñ basyp alynmagynda Wizantiýa goşunynyň hereketini çäklendiren taryhyñ iñ uly front liniýalarynyñ ugurlaryny her gün müñlerçe adam gezmäge gelýär.

07 Ocak 2022 22:19

Orta asyry ýapan we Täze asyry başladan Stambulyň basyp alynmagyna şaýat bolan front liniýalar häzirki wagtda köp etrap we mähelleleri birleşdirýär.

Stambul iki materikdäki osmanly topraklarynyň arasynda galypdy. Territoriýasy gysga möhletde kiçelen Wizantiýa indi şäher döwletine öwrülipdi. 1451-nji tagta geçen  II Mehmet örän gowy bilim alan hökümdardy. Ol tehnologiýanyň we ylymyň ähmýetine gowy göz ýetirýärdi. Mugallymlaryndan hemişe “Konstantinopol elbetde zabt ediler. Ony zabt etjek sekerde batyr serkerdedir, ony zabt eden esger batyr esgerdir” sözlerini diňläp ulalypdy. Mehmet tagta geçeninden soň Stambuly zabt etmek barada karara geldi. Ol “Ýa men Stambuly alaryn, ýa-da Stambul meni” diýýärdi.
Konstontinopola ozal ençeme gezek hüjüm edilen hem bolsa, hiç kim Beýik Konstantiniň gurduran galalaryndan geçip bilenokdy. II Mehmet  şäheri basyp almak üçin uly toplary ýasatdy. Osman döwletiniň ähli ýerinden gelen esgerler 1453-nji ýylyň aprel aýynda Stambula hüjüm etmäge başlady. Bir atyşy 550 kg bolan uly Şahy toplary şäheriň galalaryny urmaga başlaýar. Ençeme gezek hüjüm edilsede şäheriň içine girip bolmaýar. Porta girip bolanokdy sebäbi wizantiýalylar Stambul bilen Galatanyň arasyna zynjyr çekipdi. Osmanlylar Galatanyň arkasyndan gämileri porta geçirenden soň, şäheri goraýanlaryň sussy basyldy. Söweşde täze front liniýasy açylypdy. Şäher 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda Ulubatly Hasanyň Stambul galasyna Osman baýdagyny asmagy bilen netijelenen hüjüm arkaly zabt edilipdi. Wizantiýa imperatory şäheri hüjümlere garşy goraýarka ýogalypdy.
Stambulyň zabt edilmeginden soň, Osman döwleti imperatorlyk derejesine ýetýär. Mundan soň Fatih Soltan Mehmet ady bilen tanalan Osman hökümdary ýazýan hatlarynda özüni täze Sezar-imperator hökmünde tanatmaga başlaýar. Dünýä taryhynyň üýtgemegi bilen orta asyr soñlanyp  täze asyr başlaýar.. Şäherleri goraýan galalaryň toplar bilen edilen hüjümiň öňünde durup bilmejegine göz ýetirildi.

XV asyrda Fatih Soltan Mehmetiň ýolbaşçylygyndaky Osman goşunynyň  Wizantiýa imperiýasynyñ Konstantinopol şäherini basyp almak üçin ulanan front liniýalarynyñ ugry Stambul şäheriniñ nyşanalarynyñ arasynda orun alýar.

Rim, Wizantiýa we Osman siwilizasiýalarynyň yzlaryny öz içine alýan bu taryhy ýollar häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlary, kafeler we iş ýerlerine ýer eýeçiligi edýär.

Stambul şäheriniñ gabaw astyna alynmagynda ulanylan üç front liniýasy

  1. Anadolydan gelen esgerler Aýdos galasynyñ üstünden Anadoly galasyna ol ýerden bolsa Rumeli galasyna we Galata tarap öñe gitdi.
  2. Edirneden ýola çykan esgerler Kyrklareli demirköýde ýasalan uly toplary alyp Edirme ýolunyñ ugrundaky diwarlaryñ önünde ornaşýar.
  3.  “Gallipoli” gämi abatlaýyş ussahanasynyñ ýerleşýän ýerinden deňiz floty enjamlary we esgerleri alyp giden deñiz güýçleri Zeýtinburny deñiz kenaryna ornaşdy.

Habarlar