stambul-s-heri-mislen-gollanmasyna-girizildi

Stambul şäheri “Mişlen gollanmasyna” girizildi

Türkiýede gastronomiki syýahatçylyk üçin möhüm gadam atyldy. Stambul şäheri, “Mişlen gollanmasyna” girizildi.

24 Nisan 2022 10:58

Dünýäniň iň abraýly restoran baha beriş ulgamlaryndan biri bolan Mişlen gollanmasynyň 38-nji hatarynda Stambul şäheri orun aldy.

Atatürk medeniýet merkezinde geçirilen metbugat ýygnagyna Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, we “Michelin Guide” guramasynyñ halkara müdüri Gwendal Poullennec gatnaşdy.

Ministr Ersoý eden çykyşynda müňlerçe ýyllyk taryhy bilen türk aşhanasynyň dünýä aşhanalarynyň arasynda aýratyn orny eýeleýändigini nygtap; “Häzirki wagtda köp baýrakly restoranlaryň ýerleşýän Stambul şäheri diňe Türkiýäniñ gastronomiýa paýtagty däl eýsem dünýäniň öňdebaryjy gastronomiýa şäherlerinden biri bolmaga dalaşgär şäherdir " -diýdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Stambulyň dünýäniň öňdebaryjy syýahat žurnallarynda “ýewropada syýahat etmek üçin iň gowy şäherler” sanawynyň başynda durýandygyny nygtap “Bu gazanylýan üstünlikler tötänlikde bolmady. 2019-njy ýylda ministrligimiz şäheriñ bütindünýäde tanadylmagy üçin “Türkiýe syýahatçylygy bilen tanyşdyryş we Ösdürme Agentligi döretdi. Şugünki gün Türkiýäniñ syýahatçylygynyñ tanadylmagy üçin 120-den aşa döwletde irginsiz zahmet çekilýär”-diýdi.

Ministr Ersoý, Stambul şäheriñ “Mişlen gollanmasyna” girizilmegi bilen Türkiýäniñ gastranomiýa syýahatçylygynda öñde durýandygyny görkezýär diýdi.

Ministr Ersoý, BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 2021-nji ýyldaky hasabatyna görä, dünýäde iň köp syýahatçyñ gezmäge gelen ýurtlaryň sanawynda dördünji orny eýeleýändigini habar berdi.

Habarlar