sungat-so-ujilerini-ygy-ygydan-bar-an-eri-astana-balet-teatry

Sungat söýüjileriniň ýygy-ýygydan barýan ýeri: Astana balet teatry

2012-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda döredilen Astana balet teatry, "Soltan Beýbars" we "Kozy Körpeş-Baýan Sulu" ýaly oýunlar bilen meşhurdyr.

03 Haziran 2022 14:22

Astana balet teatry, 2013-nji ýylyñ iýul aýynda ilkinji teatr möwsümini açdy.

Häzirki wagtda teatryñ diňe bir Gazagystanda däl, eýsem beýleki ýurtlarda-da müňlerçe janköýeri bar.

Dünýä klassikleri we ýerli eserler bilen döredilen repertuarlary bilen Merkezi Aziýanyň iň üstünlikli balet teatry hökmünde tapawutlanýar.

Astana balet teatr binasynyň umumy meýdany 15,467 inedördül metre barabardyr.

Teatryñ häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän sahna meýdançasy bolsa 536 inedördül metr.

Teatryň 783 orunlyk uly sahnasy bar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemeklerine giňden ýardam berýär. 

Takmynan 800 çyra toplumy oýunlaryň ýokary hilli yşyklandyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Teatrda “Kozy Körpeş - Baýan Sulu”, “Soltan Beýbars”, “Instinkt”, “Ykbalyň ýüpleri”, “Zoluşka”, “Hasrat”, “Jeltorangyň rowaýaty” ýaly ýerli; "In the Middle", "Somewhat Elevated", "Diversity" ýaly halkara derejede tanalýan oýunlar sahnalanýar.

Habarlar