susa-be-annamasy-tbmm-dasary-gatnasyklar-komissi-asynda-kabul-edildi

"Şuşa Beýannamasy" TBMM Daşary gatnaşyklar komissiýasynda kabul edildi

Adalat we Ösüş partiýasynyñ deputaty Akif Çagataý Kylyçyñ ýolbaşçylygynda geçirilen Türkiýe Beýik Millet Mejlisiñ daşary gatnaşyklar komissiýasynyñ maslahatyna daşary işler ministriñ orunbasary Ýawuz Selim Kyran hem gatnaşdy.

03 Şubat 2022 13:43

Daşary işler ministriñ orunbasary Ýawuz Selim Kyran maslahatda eden çykyşynda Kawkaz sebitiñ strategik ähmiýete eýe bolandygyny nygtap sebitde baş berýän wakalaryñ Türkiýe we Azerbaýjanyñ bähbitlerini ýakyndan gyzyklandyrýandygyny aýtdy.

Kyran “ bir millet iki döwlet” şygary bilen hereket edýändiklerini we munyñ başga döwletlere nusga we ylham berýändigini belläp: “ Azerbaýjan bilen gatnaşyklarymyzy ýokary derejede derejede saklamaga ähmiýet berýäris. Azerbaýjanyň Türkiýä maýa goýumlary 20 milliard dollardan, Türkiýäniñ Azerbaýjana maýa goýumlary bolsa 12 milliard dollardan geçdi. Harby we beýleki ugurlarda köp sanda ähhtnamalara gol çekdik. Bilelikdäki harby türgenleşikleriň gerimini giňeltdik. Azerbaýjan bilen gatnaşyklarymyza taryhy we kanuny jogapkärçilik hökmünde garaýarys.”-diýdi.

Kyran, Garabagdaky 132 inedördül kilometr meýdanyň minalardan saplanandygyny we bu ugurdaky tagallalarynyň dowam etjekdigini aýtdy.

Kyran, Garabag sebitini gaýtadan dikeltmek üçin dokuz firmanyñ iş alyp barýandygyny aýtdy.

Maslahatda Türkiýe Respublikasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda “Şuşa beýannamasyny” tassyklamak baradaky kanun teklibi kabul edildi.

Habarlar