sy-asat-we-intellektual-adamy-ahmet-ozenbasly

Syýasat we intellektual adamy Ahmet Özenbaşly

Ahmet Özenbaşly 1893-nji ýylyň 10-njy fewralynda Krymyň Bahçesaraý şäherinde dünýä indi. Ol 1915-nji ýylda Odessadaky lukmançylyk fakultetine okuwa girdi.

24 Aralık 2021 18:55

Ahmet Özenbaşly, 1917-nji ýylyň noýabr aýynda ýygnanan Krym Tatar Milli Gurultaýyñ agzasy boldy. Gurultaý, Krym Milli hökümetini döreden hem bolsa, onuň ömri bolmady. 27-nji ýanwarda Akmesjidiñ basyp alynmagy bilen hökümet ýykyldy. Ahmet Özenbaşly lukmançylyk okuwyny tamamlap, neýrohirurg boldy.

1928-nji ýylda Krymyň intellektuallary we syýasatçylary tussag edilende  Özenbaşly hem tutsag edilip  zähmet lagerinde 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Alty ýyl soň 1934-nji ýylda boşadyldy.

II Jahan urşy dowamynda Nemesler Krymy basyp alanlarynda oña özlerine goşulmagy üçin teplip etdiler. Ýöne Özenbaşly bu teklibi kabul etmän Rumyniýa gitdi. Bu ýerde sowýet içalylary tarapyndan tutsag edilip Moskwa äkidilýär. 1947-nji ýylyñ sentýabr aýynda 25 ýyl tutsaklyk jezasy berlen Özenbaşly, 1955-nji ýylda türmeden çykaryldy. Özenbaşly Täjigistanyñ Hujand şäherine garyndaşlarynyñ ýanyna gitdi we ol ýerde neýrohirurg bolup işlemäge başlady.

Özenbaşly 1958-nji ýylyñ 4-nji dekabrynda dünýeden ötdi. Gadymy Hujand gonamçylygyna jaýlandy. Dr Ahmet Özenbaşlynyñ  Bahçesaraýda “ Gaspyraly Ysmaýyl begiñ ýanyna jaýlanmak” wesýeti 1993-nji ýylyñ 8-nji awgustda ýerine ýetirildi.

Habarlar