t-jigistan-owganystan-turkmenistan-demir-ol-taslamasy

"Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan" demir ýol taslamasy

Täjigistanyň transport ministri Azim İbrahim geçiren metbugat ýygnagynda Aziýanyň Ösüş Banky we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky bilen bu taslamanyň Täjigistan bölegini maliýeleşdirmek üçin  gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi.

04 Şubat 2021 12:52

Täjigistanyň transport ministri Azim İbrahim geçiren metbugat ýygnagynda ýurdunyň "Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan" demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmeginden ýüz öwürmedigini nygtap "Bu taslama durmuşa geçirilmeli. Esasy mesele taslamany maliýeleşdirmegi bilen baglanyşykly. Häzirki wagtda Aziýanyň Ösüş Banky we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky bilen bu taslamanyň Täjigistan bölegini maliýeleşdirmek üçin  gepleşikler dowam edýär. " -diýdi. “Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan" demir ýol taslamasynyň Täjigistan böleginiň durmuşa geçirilmegi üçin 128 million dollara ätiýaç bolandygyny  bellän ministr  İbrahim, demir ýoluň hökümet komissiýasy tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy.

TAT( Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan) demir ýoluny gurmak boýunça 2013-nji ýylyň mart aýynda üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda memoranduma gol çekildi. Şol ýylyň 5-nji iýunynda gurluşygyna başlanan demir ýolunyň birinji tapgyry bolan Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açyldy.

Anahtar Kelimeler: Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan" demir ýol taslamasy,

Habarlar