tanymal-turkmen-azyjysy-sahyr-alym-oraz-agmyr

Tanymal türkmen ýazyjysy, şahyr, alym: Oraz Ýagmyr

Oraz Ýagmyr (Orazdurdy Ýagmyrow) Ylmy-barlaglary bilen türki dünýäsiniñ tasawwuf alymlaryny, umumy türki edebiýatyny Merkezi Aziýada tanatdy.

07 Ocak 2022 22:14

Oraz Ýagmyr 1947-nji ýylda dünýä inýär. 1972-nji ỳylda Magtymguly uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiỳaty bölümini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Esgerlik borjuny ýerine ýetirdi. Neşirỳatda, hökümet jaỳynda, Edebiỳat hazynasynda işledi. Uzak ỳyllar Magtymguly jemgyỳetiniň jogapkär kätibi boldy.

Ilkinji romany "Duman daganda" 1989-njy ýylda neşir edilýär. Romanda ýokary wezipeli döwlet işgärleriniñ mafiýa bilen hyzmatdaşlyk edip nähili pyssy-pyjurlyklary edýändikleri barada batyrgaýlyk bilen söz açylýar. Eser neşir edilen badyna okyjylar tarapyndan satyn alynyp gutarylýar. Ýazyjynyñ ikinji romany "Magtymgulynama" 1992-nji ýylda neşir edilýär.
1994-nji ýylda meşhur dessançy Gurt Ýakubyñ ömründen söz açýan kitapçasy neşir edilýär. "Garajaoglany kim zyndandan çykarýar?" atly makalasy (1990), "Saçlaryñ gara dälmidir?" (1994), "Gumry seslim nirdesiñ?" (2007) atly kitaplary öñ Türkmenistanda gadagan edilen Garajaoglanyñ halk arasynda we Merkezi Aziýada söýlüp okalmagyna sebäp boldy.
Ýazyjynyñ "Men Atatürk" atly kitaby Mustafa Kemal Atatürk barada söz açýar.

Möwlana Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Hajy Bekdaş Weli hakynda kitaplar ýazdy we " Türki dünýäsiniñ şygyr antologiýasy" atly kitap neşir etdirdi. Türk şahyrlarynyñ birnäçe eserlerini türkmen diline terjime etdi.

Türkmen bagşylaryny şöhratlandyrmak üçin dabaralar gurady. Köp şahyryň ỳubileỳini geçirdi.

Türkmen halkynyñ arasynda Ependi ady bilen giñden tanalýan Nasreddin Hojanyñ täze degişmelerini toplap 2010-njy ýylda "Gülki dermany" ady bilen Kiprde neşir etdirdi.
Aşgabatda Mehmet Akif Ersoý, Garajaoglan, Möwlana Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Mustafa Kemal Atatürkiñ günlerini geçirmegi gurnady.
Oraz Ýagmyryñ Azerbaýjanda neşir edilen "Garabagly enäniñ perýady" we Özbegistanda neşir edilen "Degirmen daşy" atly goşgy kitaplary hem bardyr.
Türkiýede "Yşk damjalary", "Nury Halmämmet", "Gaýgysyz Atabaý" romanlary neşir edildi.

Oraz Ýagmyryñ Türkiỳede, beỳleki türki döwletlerde çeper eserleri we ylmy makalalary çap edildi. Türkiýede "Bozgurdyñ balalary" atly goşgular kitaby hem neşir edildi.
Edebi hyzmatlary üçin 1999-njy ýylda Türkiýe Respublikasynyñ Prezidentiniñ "Liyakat" baýragy berilýär. Şeýle hem 2005-nji ýylda Türkiýäniñ Tarsus şäheriniñ "Bäş Altyn" baýragy, 2009-njy ýylda Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşiginiñ ýörite baýragyna mynasyp bolýar.

 Tanymal ýazyjy, şahyr Oraz Ýagmyr 2022-nji ýylyñ 3-nji ýanwarynda 75 ýaşynda dünýeden ötdi.

 

Habarlar